Dowran...
08.04.2020 10:27
Aprel

Gyzlaň egin-başyn ýeňledýän Aprel!
Guşlaň owazyny diňledýän Aprel!
Gülleň ýüregini gülledýän Aprel!
Dälini şahyr deý gürledýän Aprel!
Goýduň ýüregimde bir uly gyýçak,
Bagyşla men seni ýigrenýän biçak!

Sen geleňde gözelleşýä bu barlyk,
Her geleňde gözmi gapýa gubarlyk,
Derdim ýuwmaz bu ýagyşlyk bu garlyk,
Oýun tapdyň sap ömrümi bularlyk,
Içimi dilip ýör çykanok gyýçak,
Bagyşla men seni ýigrenýän biçak!

Şol gün sesi eşdilende azanyň,
Eýesi taýyndy täze mazaryň,
Ol häli-häzirem berýär azaryn,
Yhlas etdim nep bermedi azabym,
Kalbymda ýüzüp ýör yzaly gyýçak,
Bagyşla men seni ýigrenýän biçak!

On ýedinji günüň baky bellenen,
Bir mukaddes ynsan gömdüm sende men,
Indi göwni ýarym galan bende men,
Gussamy ýüzümden duýýar çem gelen,
Içimde käbämi ýatladýan gyýçak,
Aprelim men seni ýigrenýän biçak…

Ýazmyrat çörli
12
832
Gülhan
8 Aprel 2020
???. Bolya, Menem minnetdar
Dowran...
8 Aprel 2020
Howa gulhan sag bol minnetdar aldym yone entak kitap alamok onki okap oturanlarymy gutarman basga alsam pikirim bolinya son un almadym
Gülhan
8 Aprel 2020
Onda muny beylekisinden öñ yazypdyr....
Meñ goyanymda 1.04.20 diyip durdy?

Şahyr örän köp ekenow, galamdaşda?....
Siz zehinli book progy alyp bildiñizmi onsoñ?
Dowran...
8 Aprel 2020
Howa bu 17 04 2017 diyip durdy yalnysmasam
Gülhan
8 Aprel 2020
Bu şahyra aprel ayy erbet täsir edipdir, sebäbi şu ayda ejesini yitiripdir?.... Meñ goyan gosgymy ol 1 nji aprelde düzüpdir.... Bu soñky düzenlerinden öydyän,?...
gulshatayewa97
8 Aprel 2020
????
Myhman Myhman
8 Aprel 2020
Ýok ol Ýazmyrat kiçiräge meñzeýä okadym oñam goşgusyny
Dowran...
8 Aprel 2020
Howa so gosgam yazmyradynky su pragrammada biri bar yazmyrat dp sonam goyyan gosgulary gowy tapawutly men pikir etdim su yazmyratmyka dp

Yone adam nace zehinlem bolsa edebiyata girisip bilmese ona bolan soygisi bolmasa cig boljak eken pikir
Myhman Myhman
8 Aprel 2020
Hawa men dûşûnýän goşgyda erkinlik ba hem bir batyrgaýlyk bilen ýûregini açypdyr gowy haladym men
Dowran...
8 Aprel 2020
Gulhanyn su gun goyan posty bar yazmurat corlin aprel diyen gosgusy sonfa kalendarda aprel bolmadyk bolsa diyya basga biri aprel bolmasa may ya iyun bolardy diyya yone sahyrlar oy derdini ya begenjini gosga geciryada
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.