gullnara_
16.10.2023 06:37
Logopediýa-sozleýşiň bozulmalary hakyndaky ylym.
Bu goşgy hem sozleýşi agyrrak bolan çagalara niýetlenen. Bu goşgudaky sözleri çagalara gaýtalatmaly. Sözleýiş we pikirlenmek endiklerini ösdürýär.
(3-6 ýaşly çagalar üçin)
Şeýle hem çagalaryňyz sözleýiş endigini düzetmek isleýän bolsaňyz kitaphana saýtyndan
"Logopediýa boýunça tejribelik" diýen kitaby ýükläp, ulanyp bilersiňiz.

MÄHRIBAN JIGILER!
Daş­-töweregmiz
Seslerden doly.
Olary oňat
Tanarňyz ýaly
Tapmaçalary
Çözeliň, geliň?!
Ünslüje okap,
Jogabyn biliň!

«Iýa-­iýa! Iýa-­iýa!»,
Otdur odun çekýän öýe!

«Wyz­ wyz! Wyz­ wyz!»,
Irmän-­arman bal ýygnaýas biz!

«Kyrrow! Kyrrow! Kyrrow!»,
Toýnuk gurap barýas, gör­-ow!

«Arrr!»,
Meniň sesim eşiden gorkar!

«Ga ­ga! Ga­ ga!»,
Gör, men neneň tämiz — ag­a!

«Garrr! Garrr!»,
Men gygyrsam, gar ýagar!

«Gy­gy­ gy­gy! Gy­gy­ gy­gy!»,
Turuň, boldy säher çagy!

«Wüžžük! Wüžžük!»,
Men bir guş — hüpügi hüžžük!

«Haw­-haw! Haw­-haw! Haw­-haw!»,
Süňk oklaýyň, menem bar-­how!

«Jüýp­j-üýp! Jüýp­j-üýp!»,
Hezil etsem däne iýip!

«Bö-­bö! Bö­-bö!»,
Ýandak beräý, garry baba!

«Uwww!»,
Tanadyňmy, men — bu!

«Warryk! Warryk!»,
Söýýän ýerim köl ýa aryk!

«Mä­-mä! Mä­-mä!»,
Çykyp bilýärin tama!

«Gark! Gark! Gark! Gark!»,
Derýa, köle berýärin görk!

«Mýaw! Mýaw! Mýaw! Mýaw!»,
Bir syçanjyk bolsady aw!

«Jürk! Jürk! Jürk! Jürk!»,
Guş bolsaň, pişikden gork!

«Wak,­wak­,wak,­wak!»,
Däne tapdym, jüýjäm, gel, çok!

«Hork! Hork!»,
Gaharjaň men, gork­,gork!

«Mo­-mo! Mo­-mo!»,
Sagaý meni, garry mama!

MÄHRIBAN JIGILER!
Goşgyny okap bolan bolsaňyz,
Tapmaçalary bilen bolsaňyz,
Indi jigiler, kemini goýman,
Siz ol seslere öýkünip oýnaň!
17
38
nepesowna
16 Oktýabr 2023
😄😄👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.