gulia_maksatmyradowna
16.10.2023 08:16

Çeşmesi guramasa...


Arzuwlaryň hasyl bolmagy, haýyşlaryň bitmegi üçin çeşmäniň guramagy gerek» diýilse, birbada geň galmagyňyz mümkin. Ýöne, käwagt şeýle bolmagy zerur ekeni.


Dag üstünde bütin ömrüni ybadat bilen geçiren bir adam bar ekeni. Bir gün dili dogaly biriniň ýoly onuň üstünden düşüpdir. Ötegçi bu terkidünýä adam bilen hal-ahwal soraşypdyr. Terkidünýä oňa: «Bütin ömrümi Hakyň tagat-ybadatyna bagyş etdim. Şu dagyň depesinden düşmän, diňe adyny zikir edip ýaşadym. Şu ýerde tapanlarym bilen oňşuk etdim. Emma, her neneň jomart diýilse-de, Biribardan göwnümiň galan ýeri bar. Hernäçe dilesem-de, bir hajatymy-ha hasyl ediberenok» diýipdir. Şol wagt aýdany uzak garaşdyrman hasyl bolýan ýaňky ötegçi iki goluny ýokary göterip, Ýaradandan dileg edipdir: «Perwerdigär, sen ýer ýüzündäki janly-jandar, guş-gumry, mal-gara, her kesiň rysgyny ýetirýärsiň, haýyş-hajatyny hasyl edýärsiň. Seniň ryzaňy gazanmak üçin gije-gündiz ybadat edýän bu bendäň hem haýyşlaryny rowa et! Muny maksadyna ýetir» diýipdir.


Birnäçe wagtdan soňra ötegçiniň ýoly ýene ýaňky ýerden düşüpdir. Ötegçi gören zatlaryna geň galypdyr: Dagyň depesindäki baglar gurapdyr, çeşmäniň gözügi baglanyp, taňkyrap galypdyr. Dili senaly ötegçi ýene iki goluny ýokary göterip: «Perwerdigär, men bu bendäniň çeşmesini, bagyny gurat diýmedim. Onuň haýyş-hajatyny hasyl et! Ony maksadyna ýetir! Oňa has köp eçil!» diýip ýalbarypdym» diýipdir. Şol wagt asmandan bir seda eşidilipdir: «Eý, ötegçi, hut seniň dilegiňi hasyl etmek üçin bu terkidünýäniň bagyny hem, çeşmesini hem guratmaly bolduk. Sebäbi, bu bende bu ýerdäki rahatlyga şeýle bir öwrenişipdi. Onuň arzuw edýän zatlaryny, nesibesini bolsa, biz aşakda başga bir ýerde goýupdyk. Bag-çeşmäni guratmasak, bu bende bu ýerden asla gozganjak adam däldi. Her näçe öwrenişen hem bolsaň, bir rahatlyga daňylyp otursaň, nesibeli ýeriňe ýöremeseň, arzuwyňy görmek mümkin däldir. Bar, seret, ol terkidünýä pylan ýerdedir» diýipdir.


Ötegçi baryp görse, ol terkidünýä hakykatdanda şady-horramlygyň, hoş günüň içindemişin. Şonda ötegçi öz ýanyndan pikirlenip: «Her zat haýra çekýär. Her bir zady gowulyga ýormak gerek. Bagdyr çeşmesi guramadyk bolsa, dogrudanam, bu bende örkünden gozganmazdy. Rahatlyga daňylyp oturyp, nesibäňe tarap hereket etmezlik uly ýalňyşlyk ekeni» diýipdir.


Taýýarlan: Guwanç SUWHANBERDIÝEW,

32
118
tm_girl
17 Oktýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, salam Höwesjeñ derejäñ bilen gutlaýan yzy dowamly bolsun😊
senorita
17 Oktýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, Congratulations 🎉👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.