Lilia_
16.10.2023 00:10
Garryja gojanyň aýaly öýde öý mesgesini ýasaýardy. Ýaşuly goja her gün şol mesgeden ýakynyndaky dükana äkidip satýardy we şeýdip gün-güzeranlaryny görýärdiler. Dükandaky satyjy ýaşulynyň getirýän mesgelerini ölçemän (çekmän) alyp galýardy.
Bir gün ýaşuly dükandan çykyp gidensoň, satyjy mesgäni terezä goýdy. Görse mesge 900 gram gelip dur eken. Satyjy gaty gaharlandy. Ertesi gün elindäki mesgesi bilen ýaşuly dükana girdi. Satyjy erbet bakyşlar bilen ýaşula seredip:
— Mundan soň mesgesini senden aljakdäl, diýdi.
Garry goja gynanyp:
— Bir ýalňyş iş etdimmi? Näme sebäpden beýle diýdiň?
Satyjy:
— Seniň maňa getiren mesgäňi ölçedim 900 gram geldi. Eden zadyň utanç dämi?
Ýaşuly utanyp başyny aşak egip:
— Bagyşlaň, biziň terezimizde ölçeg daşy ýok. Sizden 1 kg şeker alypdyk. Ölçeg daşy hökmünde şony ulanýas, diýipdir.
Satyjy utanjyndan näme diýjegini bilmedi.

Kime nähili agramda gadyr görkezseň, şol agramda-da gadyr görersiň.
47
42
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.