Lilia_
15.10.2023 14:11
Diogeniň baýlygy

― Seniň baýlygyň hem-de eýelik edýän mülküň nirede? ― diýip, hökümdarlaryň biri Diogenden sorapdyr.
― Meniň baýlygym-da, mülküm-de şularda ― diýip, filosof özüniň köpsanly şägirtlerini görkezipdir.
Ol şonda şägirtlerine beren bilimini nazarda tutupdyr.

Haçan nahar edinmeli?

― Nahar edinmek üçin haýsy wagt has amatly? ― diýip, Sokratdan sorapdyrlar.
― Eger kimde iýmiti bar bolsa, ony haçan ajyganda iýsin. Eger kimde iýmit ýok bolsa, onda ony tapan wagtynda iýsin ― diýip, filosof jogap beripdir.

Syryňy iki adama aýtma

Aristotel öz şägirdi Isgender Zülkarneýne şeýle maslahat beripdir:
― Öz syryňy hiç haçan iki adama aýtma! Şeýtseň, eger syryň paş bolsa, munuň kimiň günäsi bilen bolandygyny anyklap bilmersiň. Eger sen olaryň ikisine-de jeza berseň, syry saklap bilene ejir çekdirersiň. Eger olaryň ikisini-de bagyşlasaň, ýene-de bigünäni masgaralarsyň. Sebäbi ol seniň bagyşlamagyňa mätäçlik çekmeýär.

Gudrat

Bir adam ussadyň adatdan daşary ukybyna göz ýetirmek üçin köp-köp menzilleri söküp, onuň ýaşaýan ýerine ýetipdir.
― Seniň ussadyň nähili gudraty döretdi? ― diýip, ol onuň şägirtleriniň birinden sorapdyr.
― Mesele gudrat diýip nämä düşünilýändiginde. Siziň ýurduňyzda Hudaý kimiň erk-islegini berjaý etse, şol gudrat hasap edilýär. Bizde bolsa kimdir biri Hudaýyň erk-islegini bitirse, şol gudrat hasaplanylýar.

Bahasy arzanlan düýe

Gyşyň öň ýanydy. Ogly kakasynyň ýanyna gelip:
― Kaka, düýäniň bahasy arzanlapdyr, ony bary-ýogy bir dirheme satyn alyp boljak ― diýipdir.
― Sende ony bakar ýaly näçeräk bede bar? ― diýip, kakasy gyzyklanypdyr.
― Bir araba ― diýip, ogly jogap beripdir.
― Bir dirhem bahaly düýe örän gymmat ekeni ― diýip, kakasy oglunyň bu söwdasyny oňlamandyr.
Mart aýynyň ahyrynda meýdanda otlar örende, ogly kakasynyň ýanyna gelip, şeýle diýipdir:
― Kaka, düýäniň bahasy 100 dinar bolupdyr.
― Ine, indi ol arzanlapdyr, satyn almak gerek.
Ogly düýäni satyn alyp, ekin ekmeklige girişipdir.



Aýnur KURBANÝAZOWA,
45
36
shey
15 Oktýabr 2023
🔥
awstralya
15 Oktýabr 2023
Dogry👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.