bellidal
15.10.2023 09:15

Biri öwüt berdi agras bol diýip

Agras boldum bilmän agraslyk çägin

Biri diýdi beýdip dommarlyp ýörme

Gülip oýnap gezjek ýetginjek çagyñ


Gezdim däli derýa bolup ogsunyp

Bu bolşumam halamady käbiri

Gulagyma çawuş çakdy ogrynça

IL gün näme diýer bolşuñ nähili


Biri diýdi öz hakyña kaýyl bol

Birem diýdi aç ölersiñ beỳtsen

Biri diỳdi puluñ guly bolmagyn

Birem diýdi puluñ bilen beýik sen


Garaz birzat diýse özümden özge

Sözlerine ynanyp gamak deý gaýdym

Adamlygyna sarpa goýup kämahal

Çem gelen kişini yaşulym saýdym


Bügün ýürek diýýär bu bolşuñ gülkünç

Öz ykbalyñ özüñ çola ahyryn

Men bu dünýä gudrat bolup inmedim

Menem çyg süýt emen adam ahyryn

26
82
bellidal
15 Oktýabr 2023
@mawy, spasibo kop kop
bellidal
15 Oktýabr 2023
@mawy, sps
bellidal
15 Oktýabr 2023
@gurbanowa, sagbol
gurbanowa
15 Oktýabr 2023
👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.