Agramly bölegi geçse-de ömrüñ,
Ýakynlañ mährine suwsatýan eken.
Agdyklyk etse-de enäniñ mähri,
Kakamjan señ mähriñ küýsetýän eken.
Ornuny tutmaýar özge söýgüler,
Gursagmyñ bir künji ýykylan ýaly.
Lezzeti ýok, gyzygy ýok durmuşyñ,
Deñizden gus-gury çykylan ýaly.
Tapmadym hiç ýerden , gözläp agtaryp,
Sözüm tutup, açmak üçin şähdiñi.
Çünki, gözlerimden gaýyp bolupdyñ,
Duýup ýetişmänkäñ agtyk mährini.
Durmuş gussalara sepläp goýberdi,
Senli günleñ şat ýañlanýan sazyny?
Ne çün kaka , ne çün ýetim eýledi,
Ykbal seniñ ulaldanja gyzyñy?