SAŇA GOÝUP GIDERIN
Men sen diýip geçip giderin, bilýän,
Owalda maňlaýa ýazylandyr bu.
Men sen diýip öçüp giderin, dünýäm,
Nätjek-dä, köňülde galsa-da arzuw.
Ýyllar boýy arzuw eýledim seni,
Ýyllar boýy hyýal kölün boýladym.
Arzuwda ýaşamak oňat ekeni,
Seň adyňy ýerde-gökde goýmadym.
Ýene şeýle bolar, soňky deme çen
Seniň adyň bilen ýaşap öterin.
Meň ýyldyzym ýanar, ýanar-da, öçer,
Men söýgimi saňa goýup giderin.
Bahargül Mejodowa