king_tm
14.10.2023 13:54

Stetoskop — bu ýürekden, gan damarlaryndan, öýkenlerden, bronholardan, içegelerden we beýleki organlardan çykýan sesleri diňlemek üçin lukmançylykda giňden ulanylýan anyklaýyş enjamydyr.

Bu enjamyň esasy bölegi onuň kellejigidir. Ol näsag adamyň bedeniniň ýüzüne goýulýar we onuň kömegi bilen näsagyň bedeniniň organlarynyň sesi birnäçe esse ulaldylyp eşidilýär. Ses çeýe ses kanalynyň üsti bilen gözegçiniň gulak kanalyna gönükdirilýär. Nusgawy stetoskoplarda kelle jaň şekilli we tekiz bölekden durýar, onuň iki bölegi hem auskultasiýa üçin ulanylyp bilner. Jaň görnüşdäki bölek pes ýygylykly sesleri has gowy alýar, tekiz bölegi bolsa ýokary ýygylykly sesleri alýar. Stetoskopyň mehanizmleriniň işleýşini anyklamak üçin lukmançylyga degişli däl (tehniki) stetoskoplar ulanylýar.

Auskultasiýa — içki organlaryň işleýän wagtynda döreýän sesleri diňlemegi öz içine alýan lukmançylyk diagnozynyň fiziki usulydyr.

Stetoskop 1816-njy ýylda auskultasiýanyň anyklaýyş usulyny esaslandyryjy, fransuz lukmany, ylmy diagnostikany esaslandyryjy Rene Leannek tarapyndan oýlanyp tapyldy. Adatda bolşy ýaly, gulagyny ýüregini diňlemeli ýaş hassanyň döşüne göni goýmak islemän, Leannek eplenen kagyzlary ulandy we beýle erbet däldigini, hatda adatdakysyndanam gowudygyny gördi. Stetoskopda birnäçe üýtgeşmeler bolup geçdi, dizaýny kämilleşdirildi, ýöne stetoskopyň ýörelgesi we fizikasy üýtgemedi.

      Stetoskoplaryň köp dürli görnüşleri bardyr:


Terapewtiki – ululary auskultasiýa etmek üçin ulanylýar;


Neonatal – täze doglan çagalar üçin ulanylýar ( 28 güne çenli);


Pediatriki – çagalary auskultasiýa etmek üçin ulanylýar. Terapewtiki stetoskoplar neonatal we pediatriki stetoskoplardan kellesiniň kiçiligi bilen tapawutlanýar:


Rappaporta – çagalary we ululary auskultasiýa etmek üçin ulanylýan ählumumy enjamdyr.

20
36
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.