gulshatayewa97
14.10.2023 09:43
Gör näçe ýyl sensiz geçipdir dilber?
Gör näçe daşlaşdym seniň yşgyňdan?
Seni juwan gyzlaň keşbinde idäp,
Idäp ahu-gözli gyzlaň çeşminden.

Ýöne hiç zat çalşyrgysyz däl eken,
Görseň ine, gözleriňe söweýin!
Bir zyba gyz otly söýgi bilen däl,
Mähri bilen tutdy seniň öweziň.

Bar eken bagtyňam ýerin tutýan zat,
Bozlap aýra düşen bagtymyň ornun.
Tutdy akja gundagynda jägildäp,
Däbşenekläp ýatan ilkinji oglum.

Belkem, yrgadyryn, durnuksyzdyryn
Ýa-da uýgunlaşyp ýürek zaryma.
Özümi ýitirip gam-gussa bilen,
Dönüp gidendirin başga birine.

Belkem, mejnun bolup söýen däldirin,
Ýaşlygyň alydyr kalbymdaky o:t.
Sensiz ýaşap bilmän ýören hallarym,
Göz öňüne getiribem bilemok.

Gör näçe ýyl sensiz geçipdir dilber,
Galan ömrümede şu günüm bolýar.
Ýöne käte seni bagryma basyp,
Şeýle bir, şeýle bir aglasym gelýär.

Nobatguly Rejepow
23
35
gulshatayewa97
14 Oktýabr 2023
@gbdd, goşgylary gowy görýän
gbdd
14 Oktýabr 2023
Sahyra dalsin sen
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.