ylham_gurbanaly
12.10.2023 17:43

Salam "Öwrenmeli"-niň gadyrly agzalary we myhmanlary. (Hawa, häzir başlarsyňyz. Bah, indem gelmeli däl ekeniň, şunça wagtlabam arakesme bolarmy, bla bla bla.. Gezelenç wagty dynç almak gerek aýal dogan))  Sizi "Il gülende gülmejek bolsaň, guma gitde ýandak çap" maldarçylyk jemgyýetiniň hemaýatkärliginde "Tanyşmak aýyp däl" wirtual gepleşigimiziň 6-njy sanynda hoş gördük. Gepleşigimiziň myhmany, adyny güne yatyp alman, grek alymlaryndanam köp okan @okayjy agzamyz.

Şertler adaty, islemeýän soragyňyza jogap bermän bilýäňiz (bolmasa has gowy). Hany onda, başladyk.


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada iki agyz... Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz kim?

5. Içinde hemme maglumat bolan kitapmy ýa daşy altyndan içinde hiç zat ýok kitap? Haýsyny saýlardyňyz?

6. @okayjy diňe okanok diýdiler. Aýdaly, haýsy naharlary bişirip bilýäňiz?

7. Aýdaly, sizdenem köp bilýän gyzy saýlardyňyzmy?

8. Söýgi @okayjy -nyň dilinde näme?

9. Okan iň gowy 3 kitabyňyz?

10. Durmuşyňyzdaky iň gülkinc waka (gysgaça)

11. Söýeniňizmi ýa sizi söýen?

12. Her okan harpyňyza gõrä saçyňyz dökülýän bolsa, okamany goýarsyňyzmy?

13. Nämeler bilen gyzyklanýaňyz? Öwrenmeliden başga haýsy sosial ulgamlara girýäňiz?

14. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

15. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

16. Goý, Siziň janyňyz sag bolsun! Durmuşda üstünlik. Sag boluň!

22
385
ylham_gurbanaly
16 Noýabr 2023
@okayjy, aha, sizem sagboluň ajaýyp jogaplarňyz üçin. Saglykda görşeliň!
okayjy
16 Noýabr 2023
16. Sagboluñ. Saña hem şygyrýet äleminde üstinlik brat 👍. Geplešige çagyranyñ üçin hem minnetdar 🙂
okayjy
16 Noýabr 2023
15. Indiki sany eýýäm geçip gidipdir 😄 ýöne saýlamaly bolsa @Bitter ýada @Di-mentro agza bolup biler.
okayjy
16 Noýabr 2023
14. Gowy programma. Bir temañ üstinde köp adam bilen pikir alyşmak üýtgeşik netijeler çykaryp bilýä köplenç. Programmany ösdirmek barada aýdamda, köp zatlar çäkli, söhbetdeşlik bölimi ýok. Dogry söhbetdeşlikde dawa-jenjel köpräk bolýar ýöne "Dušmandan gorkyp gapyny ýapyp goýsañ, dostyñ hem girip bilmez" ahyryn. Söhbetdeşlik bölüminiñ bolmagy agzalaryñ köpelmegine uly kömek edip bilerdi...
okayjy
16 Noýabr 2023
13. Esasan kitaplar we beýleki adamlaryñ pikri bilen. Şu wagytlykça diñe öwrenmeli sosial ulgamyna girýän diñe.
okayjy
16 Noýabr 2023
12. Ýok goýmaryn. Saçsyz hem owadan artistler bar ahyry 😁
okayjy
16 Noýabr 2023
11. Söýenim. Adam öz söýeni üçin köp zatlar edip biler...
okayjy
15 Noýabr 2023
@mawy, Aý indi biraz online bolar öñki ýaly...
okayjy
15 Noýabr 2023
@mawy, Salam Geldim. Dowamynam agşam jogaplaýmasam, bu wagta işliräk🙃
okayjy
14 Noýabr 2023
10. Arad bir dostym ýekeme-ýekä urşa gitdi. Añyrdaky oglan namart eken 5 bolup gelipdirler, henizem biziñ 10 bolup baranmyz gowy bolupdyr 😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.