moonlight
12.10.2023 16:57

Titanik heläkçiligini eştmedigiñiz ýok bolsa gerek..

Hiç haçan batmaz diýip pikir edilen "Titanik" gämisi, 1912-nji ýylyñ 14- nji aprelinde buz dagyna (aýsberge) çarpyp batýar. Geliñ indi bolsa, Aýsberg sebäpli batan ýeketäk umman gämisi barada köp bilinmeýän maglumatlar barada gysgaça bilip geçeliñ..

1. Titanik filminde gämi batyp barýarka çalmagyny dowam etdirýän sazandalar, filmi has owadan etmek üçin döredilen sahna däl. Hakykatda-da, adamlary köşeşdirmek üçin gämi batýança sazandalar çalypdyrlar.


2. Gäminiñ baş aşpezi, köp mukdarda alkogol içendigi sebäpli beden garşylygyny saklapdyr we buzly sowuk suwda 2 sagatdan gowrak durandygyna garamazdan diri galypdyr.


3. Gämi aýsberge çarpandan 2 sagat 40 minut soñ batypdyr. Gämini batyran aýsberg bary-ýogy 30 sekunt ir görülen bolsa, bu gün bu gürrüñleri etmezdik.


4. Titanik gämisi şeýle uly ekeni welin, içinde basseýn, sauna, şeýle hem sport zaly we iki kitaphana, 4 uly restoran bolup, 885 işçi hyzmat etýän ekeni.


5. Gäminiñ içki dizaýny Londandaky "Ritz" myhmanhanasyna meñzeş edip gurulypdyr.


6. 82 ýaşly Gloria Stuart Titanik filmiñ surata düşürilişinde 1912- nji ýyldaky heläkçilikden diri galan ýeketäk ynsandyr.


7. Titanik filmi üçin sarp edilen býudjet(pul) gäminiñ hakyky bahasyndan has köpdür.


8.Kanadaly rejissýor Jeýms Kameronyñ 1997-nji ýyldaky, Leonardo DiCaprio we Kate Winslet baş rollarda oýnan "Titanik" filmi 11 Oskar baýragyny gazandy.

20
57
mandarin
12 Oktýabr 2023
Yene bir hakykat jemes cameron so kinony dusirjek bolup oyuni masynyny hemmezsdy satya ayaly oña aklyndan azasandyr oydip ayrylsyar😏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.