tmyigit76
12.10.2023 09:18

Tapawut (Türk tymsaly)





Bir himiýa mugallymy, professor özüniň ýiti zehinine we ukyp-başarnygyna görä, Nobel baýragy bilen sylaglanýar.Günleriň bir güni ol sapak okatmaga baranynda, bir talyby ondan:

-Hormatly professor, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda üç müňden gowrak ylym adamy barka, Nobel baýragyny näme üçin size mynasyp gördüler? Sizi

beýlekilerden tapawutlandyrýan aýratynlyk nämede? - diýip sorapdyr.

Soragy diňlän professor bu üýtgeşik sowala:

- Hawa, dogrusyny aýtmaly bolsa, şu zatlar üçin men ejeme hoşal bolmaly. Sebäbi ejem men okuwçykam, başgalaryň ejeleriniň soraýan zatlaryny menden üýtgeşik edip sorardy - diýýär. – Başgalaryň ejesi:

«Oglum, gyzym, aýt hany, mugallymyň beren soraglaryna gowy jogap berip bildiňizmi?» diýip soraýan bolsa, meniň ejem: «Sen bu gün mugallymyňa nähili

sorag berdiň?» diýip sorardy. Ine, meniň beýlekilerden tapawutly tarapym. Şondan soň men hemişe-de soramagy we bilmedik zatlarymy sorap öwrenmegi endik edindim. Häzir hem özümi gyzyklandyrýan islendik meseläni sorap öwrenýärin we ýene-de dowam ederin diýip jogap beripdir.


Türkmen agada aýtýara: soran alym, soramadyk özüne zalym

56
265
tmyigit76
13 Oktýabr 2023
@Gost, maňa diýýäňmi ?
vekil_city
12 Oktýabr 2023
Al onda mendenem birini 😁
tmyigit76
12 Oktýabr 2023
Eeeoo gözüme ynanamok trend bolaýypmaý 🤤☺️
mmmmmmm
12 Oktýabr 2023
Dowry
tmyigit76
12 Oktýabr 2023
@arazowa, ýokla bize ýetdirmez
arazowa
12 Oktýabr 2023
Trend boljak bu post 20 like
tmyigit76
12 Oktýabr 2023
@geldiyevna, başga nm bardy kellede
tmyigit76
12 Oktýabr 2023
@mawy, hawa. Belki has soňrak
tmyigit76
12 Oktýabr 2023
@mawy, professoram ýaş wagty almandyr. Ulalansoň bererler 😁
king_tm
12 Oktýabr 2023
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.