Ýazmyrat
07.04.2020 20:30
Ýatla meni,
Gözden dälde ýürekden
akdyryp bolmanda bir damja ýaşy.
Ýatla meni
Söýgi atly ýüzügňi
bezäre tapmaňda gymmatly gaşy.

Ýatla meni
Seran setan şowsuzlyk
bilen başlanaýsa günleriň başy.
Ýatla meni,
Bagt diýeňde alnyňdan
atylyp çykaýsa "garalyk daşy"

Ýatla meni,
Düşüneňde haçanda
Seni mençe söýmejegne hiç kesiň.
Ýatla meni,
Bagt guşuny çagyryp
Näçe gygyrsaň-da ýetmände sesiň.

Ýatla meni,
Çümüp pikir hyýala
Ýöne welin galaýmagyn süllerip.
Ýatla meni,
Ýatla meni käteler
Joraň barsa meň adymdan gül berip.
16
456
Ýazmyrat
7 Aprel 2020
Sbs
Myhman Gulnar
7 Aprel 2020
Bilyaniniz ba bolsa aydayynda men registrasiya bolyan wln yene myhman dp cykarya nm un seytya ya yene doldurmaly zat bamy
Myhman Myhman
7 Aprel 2020
????
akrap aga
7 Aprel 2020
Gulhan gic yagshy gowmy yagdayn bagyshla yene gija galdym
Gülhan
7 Aprel 2020
(Yatla meni bagt guşuny çagyryp, näçe gygyrsañda yetmände sesiñ).....? Gowy goşgy eken...
Myhman Myhman
7 Aprel 2020
???gaty gowy gosgy (Janita )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.