gulia_maksatmyradowna
12.10.2023 09:15

PÄHIMDEN DÖRÄN SETIRLER…



“O tarapda iň kän ökünjek adam, aýdýan zatlaryna başgasy gulak asyp gutulan, emma olary özi etmändigi üçin heläk bolan alymdyr”.


Hatemül-Esam (r.a)


***


“Eý, naharyň duzy hökmünde bolan bir iliň alymlary,


Ähli zady bozman saklaýan duzuň özi bozulsa, ony näme bilen düzedip bolar?”.


(Şygyrdan)


***


“Adamlaryň jezasy olaryň kalblarynyň ölmegidir. Kalblarynyň ölmegi bolsa, ahyretlik amal bilen dünýälik zatlar islemekleridir”.


Hasan (r.a)


***


“Nije alymlar bardyr, olaryň hakyky ylymdan, hakyky magnydan habarlary ýokdur. Olar diňe maglumat göterijidir, ylym söýüji däl”.


Möwlana


***


“Ýarym okumyşlar nadandan howpludyr”.


I. Glein


***


ALLANY GÖZLEMEK


“Söýmegi başarýan adama juda ýakyn bolan Alla, akyly bilen düşünjek bolýana şonça uzakdyr, gizlindir”.


Aleksis Garrel


***


“Ýönekeý adamlar Allany Günüň ýylysyny duýuşlary, gülüň ysyny alyşlary ýaly tebigy ýagdaýda duýarlar”.


Aleksis Garrel


***


“Ynsan Ýaradana suw we howa deý mätäç”.


Aleksis Garrel


***


“Alladan daşlaşan, Allany gözlemeýän adam hakykaty we bagty ne öz içinde, ne daşky dünýäde tapyp biler”.


Paskal


***


“Iki zadyň gadyryny olary ýitirmezden bilmek kyndyr: saglygyň we ýaşlygyň”.


Hezreti aly (r.a)


***


“Adamlar ekiniň başlaryna meňzeşdir, içleri boşka başlary dikdir, içleri dolup ugradygy, başlary egilmäge başlar”.


Monten


***


“Adamlaryň mertebesini beýgeldýän iki häsiýet bardyr: erkeklerde mertlik, aýallarda namysyny saklamak.


Napolion


***


“Adamlar öz ýalňyşyna bagtlykalar däl-de, bagtsyzkalar düşünýärler”.


Daniel Defo


***


“Adamlaryň bagtly ýa-da bagtsyz bolmagynda, takdyryň paýy-da kändir welin, olaryň özüni alyp baryşlarynyň paýy-da az däl”.


La Roçefoukault

34
60
fasat
12 Oktýabr 2023
Gaty uly haladym sözleri💖
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.