moonlight
12.10.2023 09:14

Seni maña Allam berdi

Gözläp tapylýan gyz däldiñ.

Sabrymy saklap garaşdym,

Özge ýürege girmändim.


İller hatar toý etdik,

Durmuşymyz başlap gitdi.

Seniñ gülküñden ýeñlip,

Gaýgym meni taşlap gitdi.


Saçagmyzda duzumyz bar

Şükür, sallançakda çaga.

İñ bir ajy günlerde-de,

Sebäbim bar guwanmaga.


Biz romantik ýaşamzok

Bolşumyza göz degmesin.

Birden bir gün baýaýsagam,

Şu durkumyz özgermesin.


Öýümiz öýe meñzedi

Haýrandyr öten geçenem.

Saña muşdak ýeke men däl,

Juda kään öwýär ejemem.


Gelen güniñ gelin bolduñ

Öýe girdiñ o:duñ bilen.

Küliñ bilen çykjagyñy,

Subut etdiñ badyñ bilen.


Maña goýañok köwşümem

Geýimim mydam arassa.

Beýlede ýar boljak eken,

Ýaradan ýalkap ýaratsa.


Meñzeşligiñ kän ejeme,

Ýolumda mydam gözleriñ.

Öñler pikir gözlär ýördüm,

İndi bagtyñ baş gözlegim.


Açlygymda minnetiñ ýok,

Doklygymda azgynlygyñ.

Duýýan ýaly ýylgyrýañ sen,

Kyn pursatlañ, az günligin.


Süýji sözler diýe, diýe

Seniñ adyñam unutdym.

Oýun edýän unudaýsam,

Diriligme ýer ýuwutsyn.


Yşkym nikalyma halal

Özgä bakmak dinimde ýok.

Nikalaşyp köpeldip bor,

Olam meniñ düýnümde ýok.


Gorkduñ gerek?! Gorkma, gorkma

Biz Hudaýa ant içdigä.

Birin razy etsek ýeter,

Bu dünýäñ özi üç günä.


Eje, Ene bolup ýaşa

Öýüm görkün ýitirmesin.

Men sensiz nädip oñaryn,

Senden soñ bir gidirmesin.


Görmek nesip etsin seni

Uzyn saçyñ aklygynda.

Ýandyrmasyn Hudaýjanym,

Senem meniñ ýoklugymda..



Kerim Hally

24
76
moonlight
23 Oktýabr 2023
@0878, goşgy ýazýa, suratdakam özi gelni we ogly.
tmyigit76
12 Oktýabr 2023
Iň halaýan şahyrym. ♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.