Sportuň meşhur görnüşleriniň biri bolan basketboluň gyzykly taryhy bar. Bu oýun ilkinji gezek 1891-nji ýylyň 21-nji dekabrynda döredilýär. Bu oýny dörediji bolsa asly kanadaly Jeýms Naýsmitdir.
Basketbol oýny ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň häzirki wagtda Springfild kolleji diýlip atlandyrylýan sport mekdebinde oýnalýar. Basketbol ýönekeý oýunlaryň biri hasaplanýar. Bu oýnuň esasynda topy tora salmak ýatýar. 1894-nji ýyla çenli ýagny, basketbol pökgisi döredilýänçä, oýunda futbol pökgisi peýdalanylypdyr. Şeýle hem basketbol pökgisi 30 dýum ölçegde bolupdyr.
1893-nji ýylda basketbol şiti döredilýär. Ilkinji basketbol şiti tordan, soňra bolsa agaçdan ýasalypdyr. Häzirki wagtda ol aýnadan ýasalýar. Basketbol tory barada aýdanymyzda ol 1913-nji ýylda döredilýär. Bu bolsa basketbol oýnunyň ösüşinde ädilen ilkinji ädimleriň biridir. 1921-nji ýylda bu oýun basketbol diýlip atlandyrylyp başlanýar. Ilkibaşda Jeýms Naýsmit basketbol oýnunyň esasy 13 düzgünini girizýär we bu düzgünler lkinji gezek 1896-njy ýyldaÝelsk uniwersitetinde peýdalanylýar. Bu 13 sany ilkibaşky esasy düzgünlerden ugur alyp, Naýsmit basketbol oýnunyň 4 sany düýpli ýörelgesini döredýär.
1898-nji ýyldan başlap häzirki zaman basketbol oýny bilen meňzeş hakyky basketbol oýnunyň ilknji gezek oýnalyp başlanmagy bilen liga doredilýär we ol Milli basketbol ligasy diýlip atlandyrylýar. Milli basketbol ligasy 4 sany topardan, ýagny Nýu-Ýork, Filadelfiýa, Bruklin we Nýu-Jersi toparlaryndan ybarat bolupdyr. 1932-nji ýylda Halkara basketbol federasiýasy tarapyndan basketbol oýny halkara statusa eýe bolýar.
1930-njy ýylda Kenni Seýlor, 1940-njy ýylda Bob Kurland tarapyndan, täze düzgünler girizilýär. 1980–1990-njy ýyllar aralygynda Maýkl Jordan Milli basketbol asossasiýasynyň taryhynda ökde oýunçy hökmünde özüni bütin dünýä tanadýar. Basketbol oýny sportuň iň giň ýaýran görnüşidir. Häzirki wagtda bu oýun dünýä ýüzünde oýnalýar.