44 milliard dollara satylan Twitter-iň asyl bahasy mälim edildi.
(Ilon Masky gowy düşüripdirler)
Ilon Maskyň 44 milliard dollara satyn
alyp, "X" diýip atlandyran "Twitter"-iň maliýe ýagdaýy öwerlikli däl. Elon Musk
tarapyndan dolandyrylýan platforma
esasan mahabat berijileriň yza çekilmegi sebäpli girdeji ýitirdi. Birnäçe aý mundan ozal kompaniýanyň baş müdiri bolan Linda Ýakkarino X -i maliýe çeşmeler bilen üpjün etmek üçin köp işler alyp bardy. Hatda, ol Morgan Stenli we Bank of America ýaly ägirt banklaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Duşuşyk barada ne Ýakkkarino, ne-de
maliýe ägirtleri beýanat bermedi. Şeýle-de bolsa, "Finansial Times" we "Reuter" habarlar gullugy bu
meselede käbir pikirlerini öňe süýärler. "Finasial Times" çeşmesi banklaryň ýolbaşçylarynyň X-a maýa goýum
goýmak üçin hödürleýän şertlerini mälim etdi. "Router" agentligi bolsa X-yň häzirki maliýe bahasyny hasaplady.
Geliň maýa goýumçylaryň şertleri bilen tanyşalyň.
Maýa goýumçylary Elon Muskyň
X-dan uzakda bolmagyny isleýärler
"Finansial Times" - iň habar bermegine görä, X-iň baş direktory Linda Ýakkarino karz meselesi boýunça ady agzalan banklaryň biriniň işgäri bilen söhbetdeş boldy. Alnan maglumata görä, bankyň işgäri X-a karz bermek üçin iň möhüm şertleriň biri Elon Muskyň X-dan uzakda durmagyny aýdypdyr. Işgäriň pikiriçe, Elon Muskyň pikirleri we kabul edilen kararlary dartgynlygy artdyrýar we we mahabat berijileriň (reklamaçylaryň) platforma gaýdyp gelmegini kynlaşdyrýar.
X-nyň asyl bahasy 8 milliard
dollar!
"Router" agentligi şu güne çenli paýlaşylan ähli maglumatlara esaslanyp hasaplama geçirdi.Hasaplama görä, X-yň häzirki bahasy bary-ýogy 8 milliard dollar. Bu san Ilon Maskyň töläninden has pesdir. Mundan başga-da, kompaniýanyň bergisiniň 13 milliard dollardygy eýýäm hemmelere mälim edildi. Şu ýerde X-iň häzirki bahasy Elon Muskyň bergisindenem pesdir diýen netijä gelip çykýar. Geljekde X-iň näme etjekdigini we Elon Musk üçin gara deşik bolmagyny nädip bes etjekdigini bilelikde göreris.
çeşme: "webtekno" habarlar agentligi