atabayew
10.10.2023 21:39

Käbir adamlar näme üçin ýekelikden lezzet alýarlar. Meselem gapyny ýapyp ýeke oturmak ýa-da il bilen işiñ bolman öz-özüñe görä bolmak we beýleki meselemler...?

16
83
atabayew
11 Oktýabr 2023
@seneca, dogry ýene birzat şu döwürde düşünjeli adamam az, özüñ çagalykdan köp zada göz ýetiren bolsañ känbir gülüp degişesiñ hem gelmeýär aram aram...
seneca
10 Oktýabr 2023
@atabayew, Elbetde, häsiýetiňe bagly, çagalykdan belli bolýar şahsyýetiň, köp adam köpçüligi, köp adamam ýalňyz galmagy halaýar.
atabayew
10 Oktýabr 2023
@eziz03, bolup biler
atabayew
10 Oktýabr 2023
@gurbanowa, onda käwägtjyk içiñ gysýandyr señ😅
atabayew
10 Oktýabr 2023
@seneca, ❤️, hiçhili sebäp bolman söýüp bolarmy ýekeligi, adam bilen işiñ bolasy gelmän...?
Dark
10 Oktýabr 2023
@seneca, 👏👏
gurbanowa
10 Oktýabr 2023
Kä wagt seýle men ýeke ozum oturmagy halaýan. A kä wagt tersine yanymda biriniñ bolmagyny we onuñ bn uzak uzak gurrunler etmegi halaýan.
seneca
10 Oktýabr 2023
Ýöne ýalňyzlygyň gowy zat däldigi psihologik jemagatda kabul edilen zat. Ýalňyzlyk adamy depressiýa, gatnaşyk gurup bilmezlik, gaýgy, ir ölüm ýaly zatlara-da sebäp bolup bilýär, şol sebäpli çykyp aýlanmak, köpçüligi görmek has gowy pikir bolup biler.
seneca
10 Oktýabr 2023
Ýalňyz galmagy islemek bilen ýalňyzlygyň arasynda tapawut bar. Ýeke bolmagy islemek bir saýlawdyr, halaýansyň ýeke galyp bilersiň. Emma ýekeligi söýmegiň astynda asosiallyk, köpçülikden gorkmak, çekinjeňlik, utanjaňlyk ýaly sebäplerem bolup biler.
atabayew
10 Oktýabr 2023
@guli_, bolup biler, başga sebäp?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.