Ýetginjeklik döwri sende birinji söýgi duýgulary döräp biler. Günleriň bir güni sen öz klasdaşyňy (hökman klasdaş hem däl, goňşyňy, köçäňizden geçýän oglany/gyzy) halap başlandygyňy duýarsyň. Halamak – bu hökman adamynyň bir eden işleri üçin ýüze çykýan ýa-da islege göra döreýän duýgy däldir. Seniň ünsiňi çeken adamyny seniň näme üçin halandygyňy sen köplenç düşündirip hem bilmersiň. Belki-de, sen klasdaşyň adamkärçiligini, başarjaňlygyny, ýylgyrşyny ýa-da mähirli garaýşyny halansyň. Belki-de, onuň daşky gözelligi, syraty, owadan gözleri seni özüne çekendir. Ýöne seniň halaýan oglanyň (gyzyň) seniň üçin hemmelerden öňe saýlanýan, başgalardan tapawutlanýan ýaly bolup görner. Sen onuň bilen duşuşmaga, onuň ünsüni her hili bahanalar bilen özüňe çekmäge ymtylýarsyn