Dowran...
07.04.2020 11:22

ŞEMIŇ MONOLOGY

Gyşyň ilki güni, ilkinji gezek
Näzik tenim emaý bilen otladyň.
Darajyk öýüňe şöhlämi ýaýyp,
Diňledim. Sen geçen günleň ýatladyň.

Gür berýäň, garaňky penjirä bakyp,
Söýgiň bilen süren ömrüň hakynda,
Şol gysga bagtyňdan galan nyşanyň –
Ýalňyz gyzyň – Güljahanyň hakynda.

A men bolsa…
Garaňkyny kowjak bolup daşyňdan,
Barha alawlaýan, barha düýrügýän,
Ýanmak üçin berlen ömrüň gussasy
Ýaňagymdan gözýaş bolup syrygýar.

Ýigrim ikä ýetmän agaran saçlaň
Sypaýasym gelýär, garalar ýaly,
Balaňy penalap, üstünden ganat
Ýaýaýasym gelýär, boý alar ýaly.

Gabaklaň galdyryp maňa bakaňda,
Gözleriňde ýanýan ýalnym oýnady,
Uzyn kirpik deňiz ýaly dideleň​
Inçe umyt uçgunlaryn boýlady.

Emma birden gizlediň sen olary,
Usul bilen turup gitdiň, geň edip.
Bilmedim, ýa örtemejek bolduňmy,
Meniň eýýäm ýanýanymy unudyp.

Indi asyl-asyl hiç wagt sönmerin,
Däl aýdymlam meniň gysga heň üçin.
Sönüp, özgäň ýakmagyny islämok,
Ýeke gezek ýandym, o-da seň üçin.

Orazgül Gurbanowa
12
714
Dowran...
8 Aprel 2020
Salam su gun asgabatda 04 50 de beklenipdir ertirkini sonrak goreyin yazayaryn
Myhman Myhman
8 Aprel 2020
Salam ncde agyz beklenya bilyan bolsanz aydaynda (Soyli)
Paradise
7 Aprel 2020
Gowy gosgy???
Dowran...
7 Aprel 2020
Howa dogry ola her zada ukyp basarnyk gerek yone ka bir gosga syn yazmak un ullakan bir basarnygyn geregi yok on un gosgyn icine girmek gerek dal
Dowran...
7 Aprel 2020
Howa men sol
Myhman juma
7 Aprel 2020
Gulhan salam gowmy yagdayn bu gun irden gorunmedin, mekdep gowy gecdimi
Gülhan
7 Aprel 2020
Howwa, dogrudyr?...
Aslynda, goşgylaryñ kemini tapmaly, yagny tankytlamaly, yöne şoña layygam özüñde zehin bolmaly,....
Ol yerdäkileriñ köpüsinde men şol zehini görüp bildim...
Dowran...
7 Aprel 2020
Menem yagdayyma indi dusinensinlay gulhan galamdasdan owrenmela gecip gurleman oturmak mumkin dal tankyt bolmasa edebyat osmez kamil eser doremez
BAHARJYK❣❣
7 Aprel 2020
Salam dayy galamdasda dowran diyip biri taze gelipdir sizmi dayy sol.
Gülhan
7 Aprel 2020
Bolya, hökman okap görerin, köp sag boluñ?

Galamdaşda, Talantly şahyrlar köp eken, hemmesiniñ goşgulary hem gaty gowy... Yöne tankytçylaryñ tapyan kemçiliklerine hayran galdym, goşgylaryñ kemini derrew tapyalar, dogry baha beryäler, berekella,,☺️...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.