tmyigit76
09.10.2023 09:44

Öldi diý!



Bir gün senden sorasalar men hakda,

"Men bilemok birzatlara boldy'' diý!

Ýene gaýta-gaýta sorag berseler,

Meniň birje sözüm üçin öldi diý!


Ol näme söz sorasalar ýene-de,

„Ol durmuşdan geregini aldy" diý!

„ Bir meň bilen bir ömüri geçirmek"

Bar islegi, bar arzuwy şoldy diý!


„Ony däl-de arzuwlary saýladym.

Ol hakynda pikirlerim söndi" diý!

„Ýok-ýok gorkmañ, ol entegem ýaşap ýör

Diri halda, ömürbaky öld" diý!


(awtor nabelli)

39
103
shemshat
9 Oktýabr 2023
Bayram Bejidow awtory
tmyigit76
9 Oktýabr 2023
@2580, 👍
2580
9 Oktýabr 2023
👏👏👏👍👍👍
tmyigit76
9 Oktýabr 2023
@mawy, Bolup biler. Meň okan ýerimde awtor ýok eken. Ýöne gowy ýazypdyr. Gysgadan manyly
tmyigit76
9 Oktýabr 2023
@oras, Salam
tmyigit76
9 Oktýabr 2023
@mawy, bilmedim. Ýaňam birii şo diýdi.
oras
9 Oktýabr 2023
Salam
tmyigit76
9 Oktýabr 2023
@bellidal, sag boluň
bellidal
9 Oktýabr 2023
Tmyigit gaty gowy eken ömrüñ bolsun
arazowa
9 Oktýabr 2023
Gowy goshgy eken.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.