gulnura
09.10.2023 09:43

Men ony söýmändim kalbym söýüpdi,

Köp gizledim aşyk bolan gözlerim...

Sen maňa "Meni unudaňok gerek?" diýýärsiň. Unutmak üçin seni ýatdan çykarmak gerek. Sen hemişe ýadymda. Seni ýatlaýarkam, özümi unudýaryn, seni welin, asla unudyp bilemok. Saňa ýazan hatlarym saňa bolan söýgimi tutuşlygyna aňlatmaýar. Olar ummandan bir damja. Saňa bolan söýgimi näçe aýtsamam az. Emma sen özge ýary saýladyň. Bilelikde bagtly bolmak nesibämizde ýok eken. Meniň saňa ýekeje dilegim bagtly bol!

Aradan üç gün geçdi. Meniň damagymdan duz geçenokdy. Söýgi göz ýaşlary sil bolup akýardy. Gün batdy, gözüme uky gitmedi. Telefonyma hat geldi. Seretsem kimdir biri: "Salam" diýip ýazypdyr. Men:

-Salam.

-Giç ýagşy. Gowmysyňyz?

-Şükür Hudaýa gowy. Tanamadym welin, özüňizi tanyşdyraýyň.

-Men Eziz. Siziň adyňyz näme?...

-Hatyja meň adym...

-Hmm, bolýa. Tüweleme mähirli gyz ekeniňiz.

-Sag boluň!:(

-Siz näme üçin beýle gamgyn?

-Aý ýokla, göwnüňizedir.

-"Hmm bolýa, Gijäňiz rahat bolsun!"-diýip ýazdy. Men:

-Sag boluň! Siziňki hem rahat bolsun!

Soňra meniň gözüme uky gelmedi. Sebäbi Muhammmetdiýardan soňra men barada gyzyklanýan biri bardy. Men ol barada oýlanyp ýatyp galypdyryn. Daň atdy. Men ir säher bilen turdym. Maňa ýene-de Ezizden hat geldi:

-Ertiriňiz haýyrly bolsun Hatyja!

-Sag boluň! Siziňem ertiriňiz haýyrly bolsun!

-Mümkin bolsa suratyňyzy görüp bolmazmy?

-Sizi entäk tanamoga.

-Maňa arkaýyn ynanyp bilersiňiz. Imanly oglandyryn men.

-"Bolýa"-diýip men suratymy ugratdym. Ol görer görmez derrew öçürdim. Sebäbi men oňa entäk ynanamokdym. Ol hem özüni tanyşdyrmak üçin öz suratlaryny ugratdy. Ol maňa birnäçe soraglar berip başlady. Men jogapladym. Gürrüňdeşligimiz uzaga çekdi, men oňa Muhammetdiýar bilen bolan zatlary gürrüň berdim. Ol meniň halatyma düşündi. Çünki ol hem aýralyk ajysyny çekýärdi. Ikimiziň ahwalyna biri-birimizden başga hiç kim düşünenokdy. Aýralyk ajysyny ony çeken bilýär ahyryn...

Bir gün biz bäsleşikde garşylaşdyk. Ol meni uzakdan görüp tanapdyr. Bäsleşik başlady. Men iň aňyrky otyrgyja geçip otyrdym. Seretsem Eziz hem şol taýda otyr eken. Ol ýerinden galyp salam berdi. Men tanaman:"Eziz senmi?" diýsem, ol:"Hawa seniň diýýän Eziziň men:)" diýdi. Men ýylgyryp ýerime geçdim. Bäsleşik gutardy, jogaplar belli boldy we biz öýli-öýümize gaýtdyk. Ol meniň göwnüme ýarap başlapdy. Ýöne men ondan soňky gezek habar alşymdy. Men:

-Salam.

-Salam. Gowmy?

-Gowy, näme täzelik?

-Söýýän gyzym bilen ýaraşdym:)

-Aý tüweleme gözüň aýdyň!

Şondan soňra men Ezize ýazmagymy bes etdim. Sebäbi men sebäpli söýüşýänleriň arasynyň bozulmagyny islemedim. Her kim öz ýoly-ýoluna gitdi.

Men ony söýmändim, kalbym söýüpdi,

Köp gizledim aşyk bolan gözlerim.

Gizlenen söýgümiň mährini duýupdy,

Goşga siňen saňa bagly sözlerim.


"Men ony söýmändim" diýip aldaýan,

Şol aldaw söýgümi has-da beketdi.

Ýeke galsam, kalbym kalba baglaýan,

Şindi üzülmejek baky sep etdi.


Ýene näçe gezek gaýtalaýan men,

Men ony söýmändim asla diýjek däl.

Tersine söýüpdim, söýüpdim çenden,

Ýa kysmatmy, ýa ýürekmi biljek däl.

14
126
gulnura
9 Oktýabr 2023
@shamko, maksat myradyna ýetmedik diýmek
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.