balary
09.10.2023 09:42

Huşumda däl düýşde görýän men seni,

Şonda-da ezizim söýýärin seni.

Ara daş bolsada, uzaklaşsañda

Ýene öñkim ýaly, küýseýän seni.


Her gijämi seni ýatlap geçirdim,

Seniñ ýadyñ bilen dañym atyrdym.

Düýşlerimde seni bagryma basyp,

Söýgim bilen, mährim bilen ýatyrdym.


Bu sözlerim ýoldaş bolsun ýar saña.

Tiz gidipjik, sag-aman dön sen maña

Nirde, kimle, näme etseñ söýgülim

Beren sözleriñi unutma maña.

19
69
mandarin
27 Yanwar 2024
@balary, maledes 😉
balary
26 Yanwar 2024
@mandarin, hawa,özüm
maxrem
9 Oktýabr 2023
🥺👍
mandarin
9 Oktýabr 2023
Awtor sizmi 🐝
tmyigit76
9 Oktýabr 2023
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.