gulnura
08.10.2023 15:49

Men Muhammetdiýardan soňra özge ýigide göwün bermerin diýýärdim. Ol meniň ilkinji söýgimdi. Muhammetdiýar bilen men çagalykdan bile önüp-ösen çagalardyk. Biz onuň bilen bir mekdepde, bir synpda okaýardyk. Şatlykly-şowhunly, gam-gussaly günlerimiz bilelikde geçýärdi.

Bu namyrat söýgimiz şeýle başlady.Biz entäk ýetginjeklik döwrümizdedik. Men ony çagalyk döwrümden bäri halaýardym. Ýöne onda meniň göwnüm bardygyny hiç kime aýdyp bilmän ep-esli wagt kösendim. Günlerde, bir gün men iň ýakyn joram Dünýä meniň Muhammetdiýarda göwnüm bardygyny aýtdym. Ol meniň diýenime geň galdy.Biz uzak wagtlap gürrüňleşdik, syrlaşdyk. Dünýä soňra maňa sorag berip başlady.

-Hatyja, sen Muhammetdiýary haçandan bäri söýýäň?

-"Aý, kän wagt bolanokla"-diýip, men utanjymdan aljyrap dogrysyny aýdyp bilmedim.

Muhammetdiýar bilen synpdaş bolanym üçin ony günde görýärdim. Her gezek synpa girenimde gözlerim ilki ony gözleýärdi. Men oňa günsaýyn baglanýardym, emma onuň hem maňa bolan söýgüsini görenimde, men utanyp ondan uzaklaşyp başladym. Ýöne ýüregim ony ret etmegi dözmeýärdi. Ikimiz hem gürleşmek üçin sebäp gözleýädik.

Bir gün bize mugallym Garaşsyzlyk baýramçylygy sebäpli çäre geçiriljekdigini aýtdy. Soňra biz goşgy aýtmak üçin taýýarlanyp başladyk, şol sebäpli-de ilkinji gezek jaňlaşyp gürleşdik. Şeýdip biziň telefonda gürleşmelerimiz köpelip başlady. Meniň oňa garşy bolan duýgularymy dile getirip bilmedim.Belki-de meniň iň uly ýalňyşlygym söýýänligimi aýtmanlygym bolandyr...

Aradan birnäçe aý geçdi. Onuň maňa bolan duýgulary bildirip başlady. Beýle bolmagynyň sebäbi-de synpdaş dostlarymyzyň biz barada diýen gürreňleridir. Ahyrsoňy bir gün mekdepden gaýdyşyn ol maňa öýe gelenimde sms ýazmagymy aýtdy.Men:

-Salam.

-Salam gowymyň Hatyja?

-Hawa, gowy Muhammetdiýar.

-Neme, Hatyja, men saňa bir zat diýjek eger gaty görmeseň.

-Bolýa, diňleýän aýdyber.

-"Ikimiz gürleşsek bolýamy diýjekdim?"-diýdi. Soňra men aljyrap näme diýjegimi bilmedim. Sebäbi men ondan bu sözlere garaşmadym. Soňra men näme etjegimi bilmän birbada ikirjeňlendim we razy boldym. Biz gürleşip başladyk. Meniň gözüm ondan başgasyny görenokdy.

Bu bolan wakalaryň ählisini men Dünýä gürrüň berdim. Ol tolgunjyndan ýaňa näme etjegini bilmedi. Dünýä:"Waý, jorajan ahyrsoňy isläniň bolupdyr-da" diýip ýylgyrdy. Men ýüzüm gyzaryp aşak bakdym. Ol meniň diýjek bolanymy aňdy.

Mekdep tamamlanyp barýardy. Men ony her görenimde gülüşine, ýylgyryşyna, bakyşyna, barlygyna aşyk bolýardym. Mekdep tamamlandy, synaglar başlady. Elbetde biz muňa gynanýardyk. Sebäbi üç aý biz aýra düşjekdik. Dynç alyş günleri başlady. Biz günde jaň edip habarlaşýardyk. Ähli söýgülilerde bolşy ýaly biz hem uruşýadyk, sögüşýädik, biri-birimizden öýkeleýärdik. Emma bu uzaga çekenokdy, ýene ýaraşýardyk.Şeýdip biziň söýgimiz dowam edýärdi.

Okuwyň başlanmagyna sanaglyja günler galdy. Men begenjinden ýaňa içim-içime syganokdy, sebäbi Muhammetdiýary görjekdim.

Ine, 1-nji sentýabr hem ýetip geldi. Ilkinji jaň kakyldy. Okuw başlady. Men Muhammetdiýary gördüm, ol edil öňki bolşy ýalydy. Uzyn boýly, telpek ýaly saçly, owadan, syratlyja ýigitdi. Men onuň ýanyna baramda, utanyp ýüzüne seredip bilmedim. Ol hem şeýle duýgulary başdan geçirendir.

Okuw dowam edýärdi. Aradan birki gün geçdi we maňa Muhammmetdiýardan şeýle hat geldi:

-Saňa bir zat diýjek, gaty görme ýöne.

-Diňleýän.

-"Biz indi bile bolup bilmeýäris."-diýdi. Kellämden gaýnak suw guýlan ýaly boldy. Men:

-Näme üçin?

-Ejem dagy gürleşýärkä eştdim, maňa obadan gelin alyp berjeklermiş.Şonuň üçin ýol gysga wagty aýrylaly.

-Bolýa, Bagtly bol!

Öz söýen ýaryňa, öz bagtyňa "Bagtly bol!" diýmek ýaly agyr duýgy ýok...

Söýüp aýrylmak şu bolsa gerek. Ynsan ömrümde ýekeje gezek aşyk bolýar diýleni dogry eken. Muhammetdiýar meniň ilkinji söýgim ahyryn.Ynsan söýen ýaryndan aýrylyp, ýadyndan çyksa-da, ýüreginde çykanok eken.

Çagalyk ýyllarmy ýada salsaň

Ilki ýada düşer ilkinji söýgim.

20
390
gulnura
8 Oktýabr 2023
@0878, hawa
gulnura
8 Oktýabr 2023
@gül🥀_, gaharlanma
gulnura
8 Oktýabr 2023
goýa@Imissyou,
gulnura
8 Oktýabr 2023
Erbedai snm@0878,
gulnura
8 Oktýabr 2023
@Imissyou, haýsyny aljak😁
gulnura
8 Oktýabr 2023
Kimiň üstünde urşýaňyzaý düşüner ýaly däl
gulnura
8 Oktýabr 2023
@Imissyou, o diýýäniň kimaý?😏
gulnura
8 Oktýabr 2023
Öwrenmeli agzalary hekaýanyň ikinji bölümi hem badyr
gulnura
8 Oktýabr 2023
😅@gül🥀_,
gulnura
8 Oktýabr 2023
@Imissyou, turkmenabat
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.