8-nji oktýabra geçilen gije söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow San-Diegoda (ABŞ, Kaliforniýa ştaty) geçen «Bellator 300» ýaryş agşamynyň çäginde polşaly Maseý Rozanskiniň garşysyna çykdy.
Duşuşyk üç raundlap dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen netijesi (30-27, 29-28, 29-28) türkmen pälwanynyň ýeňiş gazanandygyny aýan etdi.
Birinji raundda Ýagşymyradow güýçli urgularyň birnäçesini geçirdi. Munuň özi onuň diňe ýeňşe dalaş edýändigini görkezdi.
Ikinji raundda bolsa taraplaryň ikisiniň hem urgulary bellige alyndy. Şondan soň duşuşygy göreş emelleri bilen utgaşdyrmagyň has ýerlikli boljakdygyna düşünen Döwletjanyň dyzyny ýere beren ýagdaýynda geçiren tilsimleri onuň garşydaşyny aljyratdy. Ol üçünji raundda hem şeýle hereket etdi. Munuň özi türkmen türgeniniň eminleriň beren utuklarynyň sany boýunça ýeňiş gazanmagyna ýardam etdi.