Ynam ömrüň şamçyragy.
Durmuş nähili owadan! Munda käte asla garaşmaýan, göýä ertekilere çalymdaş hyýallaryň hem hasyl bolaýýar. Şeýle günlerde adam özüni juda bagtly duýýar, şol bagtly günleriň uzak we hemişelik dowam etmegini isleýär. Ýöne biz käte bagtly durmuşy salgy berýän zadyň nämedigin unudyp, göwnüçökgünlige orun berýäris. Ine şu waka “Azapsyz ýeriň ady ýok” diýen jümläniň doly şaýady bolsa gerek.
…Ol wagtlar men çagalar bagyna gatnaýardym. Bize terbiýeçiler goşgulary, aýdymlary, ýönekeýje matematik amallary öwredýärdiler. Bir gezek maňa terbiýeçimiz baýramçylykda aýtmaly goşgymy ýazyp berdi. Ol goşgyny ertir labyz bilen ýerine ýetirmelidi. Sebäbi biziň çagalar bagymyz bilen hoşlaşmaly günümizde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guralypdy. Terbiýeçi: “Özüne ynanylan işi haýsyňyz üstünlikli ýerine ýetirseňiz, ýörite baýramçylyk sowgatlary gowşuryljakdyr. Hany, göreli, kimler sowgat alarka?!” diýip, hemmämizde höwes döretdi. Çaga wagtyň sowgat almaly diýilse, hemmeler gözjagazlaryny tegeläp, sowgadyň özüniňki bolmagyny isleýändigi düşnükli bolsa gerek.
Agşam ejemjan meni çagalar bagyndan öýe alyp gaýtdy. Men bolsa ýatlamaly goşgumy öwretmegi ejemden haýyş etdim. Sebäbi özüm bu jogapkärçilikli işi başarjak däldim. “Durnaň üstüne urna” diýlişi ýaly öýümize daýzam geldi. Ejemiň gyz jigisi şäherde, bizden uzakda ýaşansoň, ol öýümiziň iň arzyly myhmanydy. Ejem daýzam bilen uzak gije gürrüňdeş bolup oturşyna, maňa öwretmeli goşgyny hem ýadyndan çykardy. Ýok, ýadyndan çykarmady, nahar-şor, soňam çagalyk döwrüniň ýatlamalary bilen goşgyny öwretmäge wagty bolmady. Men garaşyp, garaşyp gijäniň bir wagtynda uklap galdym.
Ine, daň säher şapak gyzardy. Guşlaryň sesi, horazlaryň aýdymy ýaňlanyp ugrady. Böküp diýen ýaly ýerimden turup, ejemiň ýanyna bardym. Ejem bolsa ertirlik taýýarlamak bilen başagaýdy. Men aglamjyrap: “Eje!..” diýenimden, “Wah saňa döneýin balam! Hany, öwreneli, getir goşgyňy” diýdi. Goşgy! Beýik goşgy. Maňa köp zady öwreden goşgy. Çagalar bagyna gitjek däldigimi aýdyp, aglap başladym, sebäbi men goşgyny az wagtyň içinde ýatlap biljek däldim. Ejem meni bagryna basdy.
“Gyzym! Meni diňle…” men sesime has-da bat berip agladym. Ejem düşündirip bilmejegine gözi ýetensoň, goňşy otaga gitdi-de, eline iki sany dört eplenen meňzeş kagyz bölegini getirdi. Soňra şeýle diýdi: “Ine, seret! Meňzeş kagyz bölekleri. Ynha, birini açyp görkezeýin, munda günüň suraty bar. Beýlekide aýyň suraty bar. Sen häzir gözüňi ýumýaň-da şularyň birini saýlaýaň. Eger seniň saýlan kagyzyňda günüň suraty bolsa, onda sen hökman goşgyny aýdyp, sowgat alarsyň. Eger saýlan kagyzyňda aýyň suraty bolsa, onda çagalar bagyna gitmeseňem bolar. Seret! Gaty ünslüje bol!” diýdi-de, kagyz bölejikleriniň ýerini çalasynlyk bilen çalşyrdy. Men gözlerimi ýumdum-da, ejemiň sag elindäki kagyz bölejiginini aldym. Alsamam aldym welin, ýüregim agzymdan çykjak bolýardy. Birdenkä, kagyzda aýyň suraty bolsa näme?! Kagyzy açdym, ine, günüň suraty. Meniň begenşimi bir görsediňiz. Ejem: “Gyzjagazym, gördüňmi? Sen muny başararsyň! Hany işe girişeli…” diýdi. Goşgyny ejem okaýa, yzyndan men gaýtalaýan, ejem okaýa, men gaýtalaýan, gaýtalaýan, gaýtalaýan…
Älemiň soltany, zeminiň şasy,
Enelere ömür diläň adamlar!
Uzak bolsun ýaşy, belentde başy,
Enelere bagt diläň adamlar!
Sebäp günüň çogy enäň keşbinde,
Sebäp dünýäň keşgi enäň egninde,
Azdyr eneleri görseň her günde,
Enelere bagt diläň adamlar!
Bary-ýogy bäş gezek gaýtalanan goşgy, nädip ýadymda galsyn diýsene. Ejemiň aýdan sözleri maňa güýç berdi. Sebäbi ejemjanyň sözlerine çyn ýürekden ynanypdym. Meniň alan kagyz bölegimde günüň suraty bardy.
Ine, çagalar bagy. Baýramçylyga taýýarlykly sowgat almakçy bolýan körpejeler şadyýandy. Men has beter ruhubelentdim. Sebäbi men hökman sowgat almalydym. Günüň suraty… Men asmana seretdim. Gün şöhlesi gözüme düşdi. Ynamym güýçlidi. Baýramçylyk dabaramyz başlandy. Men goşgymy aýtdym, goşgyň sözleri öz-özünden dilime geldi durdy.
Sowgatlar barada aýdylanda, çagalar bagynyň hemmejesi şol sowgatlaryň eýesi boldy. Sowgat alman galan ýekeje körpeje-de ýokdy. Aslynda, terbiýeçimiziň sözleri bizi höweslendirmek üçin aýdylan ekeni. Şol gün öýe guş bolup geldim. Keýpim kökdi. Ejemiň begenşini söz bilen aýdyp biljek däldim. Bagtly çagalyk. Şol çagalygyň öz kiçijik aladasyny ejemjan söz bilen aýyrýan ekend-ä… Ine, bu gün ejem ýok, sözleri bolsa henizem gulagymda ýaňlanyp dur: “Balam! Ynam hemme zatdan güýçlüdir”.
Ynam – ömrüň şamçyragy, bagtyň görkezijisi. Ynsanlarda ynamy döredip bilýän bolsak, ömrümizi nurlandyrýarys. Özümizde ynamy döredip bilsek, durmuşymyzy gözelleşdirýäris. Ynam – durmuş aty bilen pellehana ýetmegiň beýik ýoly. Ynam – ömrüň parçasy. Biz bu gün ynam bilen bagtly geljege barýarys.
Bibi TAGANOWA,