Aýda ýaşaýyş jaýlary gurular.
ABŞ-nyň Milli kosmos gullugy
NASA 2040-njy ýyla çenli adamlary
Aýda ýerleşdirmegi meýilleşdirýär.
NASA Aýda jaý gurmagyň usullaryny düşündirdi.
ABŞ-nyň Milli kosmos gullugy
NASA 2040-njy ýyla çenli Aýda jaýlar
gurmagy maksat edinýär. NASA-nyň maglumatlaryna görä, Aýa gaýdyp barmak boýunça işler dowam edýär we
kosmonawtlar üçin uzak möhletli ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek üçin Aýda 3D printer bilen gurlan jaýlary ýerleşdirer.
NASA öý gurluşygynda Ostinde
yerleşýän 3D çaphana kompaniýasy
ICON bilen hyzmatdaşlyk eder.
NASA Aý topragyny jaýlar üçin çig
mal hökmünde ulanmagy meýilleşdirýär. ICON bu taslama üçin NASA-dan 57 million dollar serişde aldy.
Gurluşyk materiallaryny Aýyň üstünden almak meýilleşdirilýär. Şeýle-de bolsa, fiziki şertleriň kynlygy bu taslamany has çylşyrymlaşdyrýar. ICON-yň 3D printeri NASA-nyň Marşal kosmos uçuş merkezinde kosmos şertlerinde
nähili işleyändigini görmek üçin synagdan geçiriler.
Şeýle hem NASA jaýlary we beýleki öý goşlaryny, gapylardan plitkalara,
mebellere çenli öwrenýär. Şeýle-de bolsa, bu taslamalaryň üstünlikli bolmagy üçin kosmonawtlar ilki
bilen Aýa sag-aman iberilmeli.
NASA-nyň Artemis maksatnamasynyň
çäginde meýilleşdirilen Artemis 2 missiýasy, 2024-nji ýylda kosmonawtlary Aý orbitasyna iberer. Artemis 3 missiýasy, 2025-nji ýa-da 2026-njy ýylda "SpaceX"-iň "Starship" ulagy bilen Aýyň
ýüzüne gonar we adamlary ýerleşdirer.
çeşme : "Cumhuriyet gazetesi"