Söýgüniň asly nämeden gaýdan,
Ýüreğme birugsat berkleshen ýaly
Seni alyp gaçýa mydam maňlaýdan,
Ykbalym birzada şertleşen ýaly.
Ykbaldan çyksa-da,yşk atly bije,
Eýe bolmadym men gerekli güýje,
Güýz ýagşy ýagdy uzakly gije
Asman bilen kalbym gepleşen ýaly.
Hyýalymda diňe ýylgyryaň,gülýäň,
Bir seni şoň üçin söýüpdüm dünýäm,
Söýmeseň gidiber diýibem bilýän,
Birhili ýüregim mertleşen ýaly.
Hova sovap gelýä üýtgäp,dag-dere,
Duşan ýaly unudylmajak hesere,
Ýapraklar saralyp düşüpdir ýere,
Bir salym meň bilen dertleşen ýaly.
Avtory:Jumaýeva Ogulgurban