tmyigit76
05.10.2023 08:58

Ýalňyzlyk nämede?



Uzynly gün telefon lal-jim bolup dymýan bolsa, bu ýalnyzlyk däldir.

Bu dostlaryň ibaly däldigidir.


Sagadyň «jyk-jyk» sesi gulagyňy deşip barýan bolsa, bu ýalňyzlyk däldir.

Bu boş wagtyň öte köplügidir.


Hiç hili garaşýan kişiň bolmasa, bu ýalňyzlyk däldir.

Bu sussupeslikdir.


Öz ömrüňi doldurmak üçin özgäniň ömründen bölejikleri çilýän bolsaň, bu ýalňyzlyk däldir.

Bu özüňe ynamsyzlykdyr.


Haňlap ýatan boş jaýda uzynly günläp ýyglaýan bolsan, bu ýalňyzlyk däldir.

Bu göwnüçökgünlikdir.


Özüne hiç kim düşünmeýär diýip oýlanýan bolsaň, bu ýalňyzlyk däldir.

Bu ýekemenlikdir (egoizmdir).


Çykalgasyzlyk zerarly gygyryp içiňi boşadasyň gelýän bolsa, bu ýalňyzlyk däldir.

Bu yzadyr.


Hiç kime derkar däl bolsaň, bu ýalňyzlyk däldir.

Bu öz-özüni aldamakdyr.


Ýalňyzlyk

hiç kim bize üç sany sadaja sözi - «Men seni söýýärin» sözüni aytmaýan halatynda, öz-özümiziň oýlap tapýan zadymyz..

33
94
tmyigit76
5 Oktýabr 2023
@0878, 🤔🤔 dogry. (oýlanmaga mejbur edýä)
tmyigit76
5 Oktýabr 2023
@0878, dogry. Meň üçin gam gussa ýaňyzlyk
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.