perhatsabirow
05.10.2023 07:32

Uniwersitetleriň birinde mugallym sapaga şeýle başlaýar:

- Pikir ediň şugün dünýäniň iň soňky güni, ertir ahyrzaman diýeli. Indi bugün näme ederdiňiz?

Talyplaryň hersi jogap berip başlaýar:

- Soňky günüm bolsada namaza başlap, Alladan günälerimiň geçmegini dilärdim.

- Söýen adamym bilen razylaşardym.

- Maşgalam bilen wagtymy geçirerdim.

- Dostlarym bilen çagalykdaky ýaly futbol oýnardym.

- Günüň batyşyny we doguşyny synlardym.

- Iň gowy görýän zatlarymy ederim.

- Hemme ýakynlarymy nahara çagyryp gülüşüp degişerdim.

- Iň bir gidesim gelýän ýere gidip, şol ýerde ölümime garaşardym.

- Göwnüne degen adamlarymdan ötünç sorardym.

Mugallym ýylgyryp talyplara şeýle diýýär:

- Şu zatlary etmek üçin ahyrzaman gerekmi?!


Internet sahypalaryndan toplap ýetiren - Perhat Sabirovv

16
50
razyyewa
5 Oktýabr 2023
Dogry ahyrzamana garasyp oturmak gerekdal esasy eden gunalerimize towa edip alladan dilemek gerekmikan diyyan ka wagt biz yalnysyas kim kumlen gownune degyas pikirlenip garasak Sony ahli zadynda Sony yok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.