perhatsabirow
04.10.2023 22:36

*Köwüş firmasynyň başlygam bolsaň,

Aýagyň bolmasa bary biderek,

Garyp maşgalada dogulan bolsaň,

Maňlaýym şor diýip zeýrenmä derek,

Sagdyn synalaryňa guwanmak gerek.


*Bir ýyl mundan öň edil şugünüňi ýatla köp zat üýtgedi käbirleri iň ýakynyň käbirleri bolsa ýat bolup gitdi.


*Bu gün pulsuz bolup ertir pully bolup bilersiň, ýöne bugün binamys bolup ertir namysly bolup bilmersiň!


*Saýlanýansyň edýändirler gybatyň, satýarlarmy diýmek bardyr gymmatyň.


*Jorajan syrderýanyň suwundan içdim welin bar syrym açylaýdy.

- Häli hem şükür et Amyderýaň suwundan içmänsiň)


*Ýalnyşan çagany günäkärleme:

Sebäbi:

- Gül gurasa günä gülde dälde bagbandadyr.


*Garaşdygyňça gözelleşer käbir zat, sabyr etdigiňçe nesip eder hemmezat.


*Näçe hasap etseň et.

Hasapdaky däl-de nesibäňdäki garşyňa çykar.


*Adamlaryň işine görä peýda getirseň, senden gowsy ýok. Haçanda özüňä görä hereket etseň senden erbedi ýokdur.


*Hemmämiz öýe gelip birinji berýän soragymyz:

\"Ejem nirede?\" Allajan ejelerimiziň ömri uzak bolsun...


Toplap taýýarlan - Perhat Sabirovv

22
110
razyyewa
5 Oktýabr 2023
@perhatsabirow, ilkinji postunyz bilen gutlayan manyly sozler
gulnura
5 Oktýabr 2023
Ilkinji postyňyz bilen gutlaýan menem ilkinji postymy goydym
perhatsabirow
5 Oktýabr 2023
@tmyigit76, @Miss_Minnosh❤️, Sag boluň
perhatsabirow
5 Oktýabr 2023
@fasat, Hökmän
fasat
5 Oktýabr 2023
⭐⭐⭐Diňe öňe👍👍👍
tmyigit76
5 Oktýabr 2023
1 -nji post gutlyş😉
Miss_Minnosh❤️
4 Oktýabr 2023
Islenen agzasy 👍🏻hosgelliñiz
tm_girl
4 Oktýabr 2023
1-nji postyñyz bilen gutlaýan👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.