Durmuşda biziň ählijämiz hem asmanda emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki owadan dürli reňkli älemgoşary ýagyş ýagmagynyň yzýany gören bolsak gerek. Bu bolsa ýagyş damjalarynda gün şöhleleriniň döwülmegi sebäpli bolup geçýär. Geliň, muny has hem aýdyňlaşdyryp geçeliň! Aslynda, gün şöhlesiniň reňki ak bolýar. Ak reňkde bolsa beýleki ähli reňk jemlenen bolup durýar. Ýagyş damjasy hem şol reňkleri aýratynlykda görkezýär. Ýagny, ýagyş damjalarynyň tebigy optiki prizma aýratynlygyna eýe bolmagy bilen döreýär Onda ýedi reňk jemlenendir: narynç, sary, gyzyl, mawy, goýy gök, ýaşyl we melewşe. Bulardan başga-da diňe gyzyl-ýaşyl ýa-da inçe gyzyl reňkli älemgoşarlar hem peýda bolýar. Älemgoşaryň reňkimiň has dury görünmegi ýagyş damjalarynyň iri bolmagy bilen tapawutlanýar. Käbir ýagyş damjalarynyň ownuk bolmagy giň älemgoşaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle älemgoşar bolsa ümürli howada has köp gabat gelip bilýär. Adatça, ýarym Aý görnüşde peýda bolýan älemgoşar dagyň depesinden ýa-da uçardan seredilende, tegelek görnüşde görnüp biler. Älemgoşaryň peýda bolmagy üçin bolsa asmanda Günüň bolmagy zerur. Onuň iň köp görünýän wagty güýçli ýagyş ýagandan soňra peýda bolýar. Ol hemişe Günüň garşysynda döreýär. Gün näçe ýokarda duran bolsa, älemgoşar ýere şonça-da ýakyn bolýar. Şol sebäpli ýedi reňkli älemgoşar irden agşama ýakyn peýda bolýar. Bu tebigy hadysa Günbatar medeniýetinde umyt we bagtyň simwoly hasaplanypdyr.
Bu hadysa günüň belli birwagtynda diňe ýagyş ýaganda däl, eýsem, suw çüwdürimleri, şaglawuklar ýa-da suw akýan beýleki ýerlerde hem peýda bolup bilýär. Hatda otlar we ösümlikleri pürkmek arkaly suwarylýan wagtynda hem onuň ownujak görnüşiniň döreýändigine şaýat bolýarys.