Kakasy aýakgap öndürýän fabrigiň ýönekeý işçisidi. Kiçijik wagty ejesinden aýryldy. Ýaşaýan ýurdunda garyplyk we işsizlik bardy. Şol sebäpli kakasy ogluny okuwa goýberip bilmedi. Ogly bolsa aýakgap ussahanasynda kömekçi bolup işleýärdi.
Adolf Dassler 1900-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Germaniýanyň Bawariýa welaýatynda dogulýar. Öýlerinde elektrik togy ýokdy, onuň ýerine şem ulanýardylar. Içjek suwlaryny 3 km uzaklykdaky guýydan 2 sagatda getirýärdiler. Maşgalasynda dawa, jenjel ýokdy. Öýlerinde rahatlyk höküm sürýärdi. Garypdylar, emma agzybir ýaşaýardylar. Dostlary ony gysgaça “Adi” diýip çagyrýardylar. Aýakgap ussahanasynda işleýän wagty işini gowy bilýärdi. Arakesme wagty günortanlyk naharyndan soň, azrak ilerde ýerleşen kölegeli bagyň aşagyna geçip oturýardy we öz durmuşy, öz ýaşaýan ýurdunyň içinde bolup geçýän wakalary, kakasynyň we doganynyň hal-ýagdaýy we ejesizligiň ynjysy hakda pikirlenýärdi. Ähli wakalar bir film ýaly göz öňünden geçip durdy.
Ine, ýene-de günleriň birinde işleýän ýerinde arakesme wagty, ýagny günortanlyk naharyndan soň her günki dynç almaga barýan bagynyň kölegesinde otyrdy. Edil şol wagt garşysyndaky baýyrlyk ýerlerde sygyrlar we geçiler otlap ýördi. Olaryň aýaklary Adi-ni özüne çekdi. “Käşgä meniň hem aýaklarym şolaryňky ýaly bolsady. Köwüş geýmek hem gerek bolmazdy”, diýip içini gepletdi. Ine, name bolsa hem şol wagt, şol ýerde boldy. Ädimini öňe atyp yza çekende, aýagyny çalaja ýokaryk galdyranda haýwanlaryň dabanlaryna syn etdi. Bu ýagdaý oňa bir zatlary ýatlatdy. Emma şol wagt arakesme wagty gutaransoň, bu pikrini soňa goýdy.
Şeýlelikde, Adi Dassler garaşylmadyk ýagdaýda täsin bir pikiri ele alýar. Iş gutaransoň, ilkinji gitjek ýeri haýwanlaryň otlaýan ýerlerine barmak boldy. Sygyrlaryň we geçileriň aýaklarynyň aşagyna seredeninde, aýaklarynyň öň uçlaryny yza çekende, dabanynyň tebigy ýagdaýda işjeň herekete gelýändigini görýär. Hatda bu işjeň hereketlenme itlerde hem bardy.
Adi Dassler 28 ýaşyndady. Elinde biraz ýygnan puly bardy. Dogany Rudolf bilen maslahatlaşdy. Rudolf oňa razylygyny aýtdy. Olar özleri üçin iň gowy karar Kabul etdiler. Haýal etmän taslamany işläp başladylar. Düzen taslamalary hakda hiç kime aýtmadylar. Öýleriniň bir gapdalynda gerek bolan gurluşyk harytlaryny ýygnap goýdular. Şeýlelikde, 1928-nji ýylda Adidas we Puma markalary döreýär. Dogany Rudolf bilen bilelikde sport aýakgaplaryny öndürip başladylar. Bu sport aýakgaplary Olimpiýa we sport dünýäsinde uly orny eýeledi. Tiz wagtyň içinde Adi Dassler uly ösüşlere eýe boldy.
20 ýyldan soňra Adi bilen Rudolf bir dawa zerarly aýratynlykda işläp başladylar. Rudolf «Puma» atly özüne aýratyn şereket açdy. Adi Dassler hem “Adidas” önümlerini öndürmäge başlady. Önümiň emblemasy üçin üç çyzygy ulandy. Näme üçin üç çyzygy ulanandygy belli däldi. Köp adamlar bu üç çyzyk “trinity” manysyny aňladýar, ýagny üçleýin birleşme. Özüni bilenden bäri durmuşynda özi, kakasy we dogany Rudolfdan başga hiç kim ýokdy. Ne garyndaşy, ne-de başga ýakynlary.
Adidas” we “Sport aýakgaby” sözleri 1950-nji ýylda döredi. Ikinji Jahan urşundan soň weýran bolan Germaniýa garyplykdan ýaňa halys bolupdy. Ilkibaşlarda aşagy dişli diýlip belli bolan aýakgaplary wagtyň geçmegi bilen sport aýakgaplary diýip atlandyryp başladylar. Adi Dassler soňky ýyllarda Germaniýanyň futbol toparyna hemaýatkärlik etmek bilen birlikde olary Adidas sport aýakgaplary bilen üpjün etdi. Bu aýakgaplar ykjamlygy we dişleriniň berkligi bilen dünýäde şol birinjiligini saklap durdy.
Sport aýakgaplaryny öndürmekde meşhurlyga ýeten Adi Dassler Ketty atly gyza öýlenýär. Beýleki önümlerden üç çyzykly emblemasy bilen tapawutlanýan Adidas önümleri reklama ulgamynda hem uly meşhurlyga eýe bolýar. 1950-nji ýylda telewizoryň köpelmegi esasynda Adidas şereketi has-da tanalyp başlanýar. Adi elmydama sport türgenleri bilen maslahatlaşyp, olaryň isleglerini diňleýärdi. Adi-niň aýaly hem bu şereketde işleýärdi. Olaryň bäş sany çagasy bolupdyr.
Futbol dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup başlady. Federal futbol ligalarynyň başlamagy bilen, futbol topuny öndürip başlan Adi Dassler bu ugurda hem uly üstünlikler gazandy. Adi Dassler geýim-gejim önümlerini öndürmäge hem başlady. Adidas dünýäde ilkinji bolup üç çyzyk markaly eşikleri öndürdi.
Adi Dassler aşagy dişli sport aýakgaplaryny, Adidas markaly toplary, Adidas markaly eşikleri satdy we meşhur boldy. Öndüren önümleri arkaly milliardlarça dollar gazanan bu adam 75 ýaşyna çenli adamlaryň uly söýgüsini gazanmagy başardy.
“Sport türgenlerini geýindiren üç çyzykly adam” diýlip tanalan, çagalygyny garyplykda geçiren bu adam 78 ýaşynda köp adamlaryň gözýaşlarynyň akmagyna sebäp boldy, ýagny aradan çykdy. “Meni doglan ýerime jaýlaň!” diýip, wesýet edip giden päk ýürekli Adi Dassleriň hiç kimiň habary bolmazdan 500 sany okuwça yzygiderli pul kömeklerini berendigi, garyp adamlar üçin ýüzlerçe öýleri gurdurandygy anyklandy.