Ikimiz şeýle bir hiññildik uçdyk,
Hiñlenişdik aýdym aýdýan şemala.
Meýmirän güllere gonup hem uçup,
"Armanym" -a tans oýnady perwana.
Ýalñyzlygmy duýmadymam bir salym,
Tebigatyñ zere çümen paslynda.
Iş, aladañ için ýakyp, eý aman,
Ganat ýaýdym guşlar kimin asmanda...
Sen meni tanadyñ ýylgyryşymdan,
Men seni tanadym merdemligiñden.
Söýgim buldurady gözýaşlarymda--
Uçmah ysyn berip gerdenleriñden.
Behişt güli, galsamda men ýat bolup,
Yşk badasyn öwran içen ýaly biz..
Bir salym birikdi ýerden bat alyp
Ýigrimimde aýra düşen ýolumyz...