Güýz meniñ durmuşumyñ aýralyk pasly. Güýz sen nahili beýle zalym bolup bilýäñ!!! Ynsanlary biri-biri birinden, yürekleri ýüreklerden, hat-da agaçdaky ýapragy şahadan daşlaşdyrýañ.
Näme üçin beýle? Güýz, sen name üçin meñ durmuşyma diñe ayralyk getirýäñ? Diñe gaýgyly pursatlary, eýmenç duygulary getirýäñ. Her yyl meniñ durmuşyma gaýdyp dolanmajak güýz gelýär. Hem-de bitmejek ýara yzyny goyup gidýär. Indi näçe ýyldyr şeýle. Näme üçin beýle, güýz, jogap bersene. Sen näme üçin meniñ durmuşumyň diñe gaygyly wakalaryna şaýat bolýarsyñ?! Assaja güýz şemaly öwsende köñülde galan bitmez yaralaryñ üstüni sypap geçýär. Şahadan gaçýan ýapraklar meniñ ömrümi sanaýan ýaly.
Güýz, sen ýene geldiñ-de öñki goyup giden ýara yzlaryñy gaýtadan gozgadyñ. Hem-de öñki beren hasratlaryñy az görýän ýaly, ýene kalbyma bitmejek yaralaryñ birini goýduñ. Men haçan hem bolsa bir wagt seniñ meñ şatlykly wakalaryma hem şaýat boljagyña bolan ynam bilen ýaşaýaryn...
Awtory: özüm