Halkymyazyň buýsançly hem-de şan-şöhrata beslenen,dünýä ýaň salan, Beýik geçmişinde adamzadyň iň ajaýyp gylyk häsiýetlerini özünde jemleýän Tumar şa,Zarina,Banu Çeçek,Burla hatyn,Agaýunus,Harman däli,Gülaýym,Türkan hatyn,Gülbeden Begin,Jahan hatyn ýaly türkmen gelin-gyzlary Watany,Ar-namysy goramakda öçmejek yz galdyrdylar...
Türkmeniň baý taryhynda,
Buýsanç doly kelamlar bar.
Giň jahanyň tarypynda,
Synmaz erkli Zenanlar bar.
Tumar şanyň nusga ýoly,
Watana söýgüden doly.
Zarina,Gülaýym ýaly,
Är gaýratly Zenanlar bar.
At dawradyp dag-düzümde,
Ot çawradan her sözünde,
Meşhur bolan ýer ýüzünde,
Watan perwer Zenanlar bar.
Banu Çeçek,Harman däli,
Gaýratly,kuwwatly goly,
Nusgalykdyr ömür ýoly
Hormat täji Zenanlar bar.
Güljemal han,Burla hatyn,
Parasatdan tapan bagtyn.
Sözleridir akly wagtyň,
Är gaýratly Zenanlar bar.
Ýaradylyşy synmaz erkden,
Edep-kram zyba görkden,
Asly Oguz ýurdy Türkmen,
Watan perwer zenanlar bar.
Giň taryhyň adyna,
Dolupdyr şöhrat şany.
Heňňamlardan nusga bolup,
Bagtly türkmen Zenany.