Gaýypguly
06.04.2020 12:49
Näçe ýaşasaňam ahyr ölmeli
Bu äşgär hakykat her kim bilmeli
Şony bilip dogry ýola gelmeli
Diňle ýürek sözümi diýip gitjek

Buýsanmagyn bu dünýäniň malyna
Aldanmagyn melgun şeýtan alyna
Eý allahym sahabat ber ilime
Halkyma söýlüp söýüp gideýin

Pikir etgin geler seňem gezegiň
Şükür etgin tapjak iýjek çöregiň
Joşsana-joşsana joş sen ýüregim
Menem bir ýagşy at goýup gideýin.

Soňky demde Lä ilähi illallah
Ýene diýsem Muhammetresullallah.
Soňky demde medet bergin Ýa Allah
Şol mübärek sözi diýip gideýin
Başymy sejdede goýup gideýin.




10
856
Myhman myhman
7 Aprel 2020
Yokarda tegelejik bardyr sona bassan paylas diyen yazgy bar sony da bassan post yazyp bilyan
Gaýypguly
7 Aprel 2020
Salam myrat profilim paýlaş çykyş zat diýip durandyr paýlaşyna basda goýaý
_Myrat_Jumayev_
7 Aprel 2020
Salam Post nadip paylasmaly

Gayypguly. Post goyjak bolyan bolanok
_Myrat_Jumayev_
7 Aprel 2020
Salam. Posty nadip goymali Gayypguly
Bts
6 Aprel 2020
???
L-minikkalpler
6 Aprel 2020
Gowy gosgy
Gaýypguly
6 Aprel 2020
Sps
BAHARJYK❣❣
6 Aprel 2020
Gowja gosgy ??
Gülhan
6 Aprel 2020
Elbetde, gowy...
Yöne şol setirni köp haladym?...
Myhman Myhman
6 Aprel 2020
her kimiñ ôz gaýgysy kel gyzyñ är gaýgysy diýilýäni
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.