tmyigit76
02.10.2023 11:17

Güýz yrymlary


◉1-nji awgustda gije ýerganat uçsa, gyş ir geler.


◉Guş bir aýagynda durup uklasa, ertesi

howa salkyn bolar ýa-da ýagyş ýagar.


◉Gawun çigidi içinden şineläp başlasa, güýz wagtyndan ir geler, ekinler ir sowlar.


◉Güýzde Aýyň yüzi şöhlesiz garalyp

dursa, ertesi dymyk howa bolar.


◉Bişen üzümiň daşy ýalpyldap dursa,

güýz hasylly bolar.


◉Güýzde ilkinji düşen gyraw köp

wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.


◉Eger Günüň batýan ýeri süýt reňkde bolsa, gije ümür düşmez.


◉Güýzde saralan otlar düýbünden

gökje otlary çykaryp başlasa, sowuk

giç düşer.


◉Noýabrda ilkinji düşen gyraw uzakly gün ýerde ýatsa, gyş sowuk bolar.


◉Güýz gyşlamaga gidyän guşlar has

ýokardan uçsa, gyş haýal düşer, ýeregolaý pessaýlap uçsa, gyş basym geler.


◉Torgaý gelenden soň, 9 günden gar

ýagar.


◉Aý doganda sarymtyl şöhle saçsa, güyz ýyly, gögümtil șöhle saçsa, güýz sowuk bolar.


◉Garynjalar gyşlamaga gidende, hininiň agzynda üýşmek gum bolsa, gyş sowuk

bolar.


◉Towuklar gündiz çugudyp uklasa, sowuk ýelli howa bolar.


◉Noýabrda gök gürlese, gyş garly bolar.


◉Noýabrda ülje ýapraklary terlense, dekabrda gara garaşma.


◉Agaçlar sowuk urandan soň, ýapraklaryny kem-kemden düşürse, gyş ýyly bolar. Ýöne olar ýapraklaryny birbada gaçyrsa, gyş sowuk bolar.


◉Aý doganda sarymtyl şöhle saçsa güýz maýyl, gögümtil şöhle saçsa güýz sowuk bolar.


◉Hozuň gabygy, güýz gawunlarynyň, garpyzlarynyň paçagy

galyň bolsa, gyş sowuk bolar.


◉Bişen üzümiň daşy ýalpyldap dursa, güýz hasylly bolar.


◉Tomus itüzüm miwesini bol getirse, güýzde bolçulyga garaşyber.


◉Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daňdan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar. «Agşam şapak gyzarsa, gelniň ogul tapdy bil, daňdaň şapak gyzarsa, malyňy

ýagy çapdy bil» diýen nakyly hem ata-babalarymyz döredipdir.


◉Towuk gaty ses bilen käkelese, tozanly howa bolar.


◉Garlawaçlar suwuň ýüzünden jügüldäp uçsa, howa bulaşar.


◉Gurbagalar suwdan çykyp, ot-çöplere siňip başlasa, ertesi

ýagyş ýagar.


◉Guş bir aýagynyň üstünde durup uklasa, ertesi howa salkyn bolar.


◉Asmanda ýyldyzlar seýrek görünse, ertesi howa bulaşar


◉Ördekler gyşlamaga gidýän guşlaryň «göçünden» galsa, gyş ýyly bolar.


◉Güýz aý dik dogsa, basym sowuk düşer.


◉Syçanlar gowaça meýdanynda pagta süýümini çeýnäp taşlasalar, ýagan garlar uzak wagtlap ýatar.


◉Sülgünler, käkilikler çöpüň aşagyna giriberseler, erbet sowuk boljagynyň alamaty.


◉Öý guşlary saýramasa, ertesi ýelli howa bolar.


◉Agşam açyk howada geçiriji simler ýuwaş hallan atsa, ertesi sowuk bolar.


Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar


◉Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar


◉Güýzüň ahyrynda çybyn köpelse, gyş ýyly bolar


◉Pişik öýüň ortarasynda süýnüp ýatsa, şol gün howada bulut

bolsa-da, ýagyş ýagmaz.


◉Daşardan getirlen odunlar şatyrdap ýansa, sowuk uzak

wagtlap dowam eder.


◉Kepderiler guguldaşyberseler, açyk howa boljagynyň alamaty.


◉Alakalar ýaga düşüp, hinine dänedir sypal çekip ýörseler, gyş gazaply bolar.

43
230
0913
5 Oktýabr 2023
Gowy maglumatlar eken
tmyigit76
2 Oktýabr 2023
@razyyewa, 🤗🤗
razyyewa
2 Oktýabr 2023
Wi gowja maglumat paylasannyza minnetdar
tmyigit76
2 Oktýabr 2023
Meňem postum bildirişli gelip başlapmy😲
atakulyyewa_humay
2 Oktýabr 2023
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.