babamyrat
06.04.2020 08:22
Sen näme edip bilersiň?

♦ Her bir "like" goýýan suratyňa janköýerlik edýändigiňi unutmaly däl. Diňe öz goldaýan we manysyna doly düşünýän suratlaryňa janköýerlik etjek bolmaly.

♦ Suratlardaky gyzlary şahsy tanamaýan bolsaň olar barada negatiw netijä gelmejek bolmaly. Belki olaň käbiri hakykatdanam görnüşleri ýalydyrlar, emma, aglabasynyň jemgyýetiň "talap & üpjünçilik" ýörelgesiniň pidalarydygyny unutmaly däl.

♦ Şahsyýet hökmünde öz talaplaryňy seljermäni başarmaly. Eger sen hakykatdanam gyzlaryň asylly, akylly, çeper we ş. m. bolmagyny isleýän bolsaň şol häsiýetleri şekillendirýän suratlara janköýerlik et.

♦ Gyzlara ýüzlenmäm: özüňiz bolmakdan gorkmaň. Hiç kim siziň roluňyzy sizden gowy oýnap bilmez. Siziň esasy aýratynlygyňyz we gözelligiňiz hakyky keşbiňizdedir. Goý adamlar sizi hakyky bolşuňyz ýaly halasynlar. Durmuşyňyzy öz şahsy gymmatlyklaryňyza görä gurmaga çalyşyň. Nädogry talaplaryň pidasy bolmakdan ägä boluň.
11
332
BAHARJYK❣❣
6 Aprel 2020
Men okaman halamasamam like basyadym.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.