shemshat
29.09.2023 22:09

Sen gitdiň.

Şo pursat boşady ruhum,

Hemme zat manysyn ýitirdi birden.

Şatlygym galmady, bagtym galmady,

Şo pursat bar zady uçurdy serden.


Daglarym peseldi baglarym bile,

Şemalym sowulyp duşumdan ötdi.

Boşap galdym misli gaşsyz diwala,

Okan kitaplarmyň manysy ýitdi.


Hatda öz ruhuňam aldyň-da gitdiň;

Göz, gaşyň, egniňi gözden salamok,

Ýöne olaň baryn öňki bolşy deý,

Seniň syratyňda jemläp bilemok.


Çasly çeşmelerim akýar tersine,

Tersine ýaňlanýar aýdymym-sazym.

Seniň barlygyňdy — meniň baýlygym,

Bir pursatda garyp galdym, ezizim.


Gurbannazar Ezizow

24
53
shemshat
30 Sentýabr 2023
@tmyigit76, howwa
tmyigit76
29 Sentýabr 2023
Bal ýaly süýji Ezizowyň şygyrlary 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.