cilek
29.09.2023 20:33

Bir zenany bagtly etmek isleseň,

Dosty ýaly dertleş,dostuň deý syrlaş,

Gürleş iň mylaýym sözleri tapyp,

Oň uýatdan doly kalbyna dyrmaş.


Kakasy deý gora,kaka deý ekle,

Bir zenany bagtly etmek isleseň.

Ayak teýi etmän depäňde sakla,

Kalbynyň çyňluguna ýetmek isleseň.


Kelläňden aýagyn sallamaz,gorkma,

Salladanlar saýlamakda ýalňyşan.

Bagtly bolmak islän ahlakly zenan

Depäňe täç bolup,baky ýelmeşer.


Nur çaý oň ömrüne,nur içre ýaşat,

Jadyla durmuşun bolup jadygöý.

Bir zenany bagtly etmek isleseň,

Adam ýaly ýörek ber,adam ýaly söý!


✍️Kerim Hallyýew

19
58
2580
29 Sentýabr 2023
👏👏👏👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.