Paradise
28.09.2023 20:01
„Hiçden giç ýagşyny“ aýdyp gidene
Şöhrat bilen şanlar bolsun ençeme!
Çünki bu gün giçki bägül açyldy,
Müşk saçyldy geçmişimden geljege.

Bahar gelip, gabaklarmy süzdi-de,
Hakydamdan oý deňzine tor atdy.
Ýada düşmän içim ýakan şol güni,
Ýatladyp-ýatladyp için sowatdy.

Huşa geldi, ho-ol birmahal özünden
Özelenip özi giden ýatlamam.
...Ýagyş ýaly ünji ýagýar serime.
( Men seni däl, öz bolşumy ýatlaýan).

Howwa, gyşdy, ak gar bardy zeminde,
Mähir gyşda hasam gerek, bilýärdim.
Sen mydama gürleýärdiň çynyňy,
A men bolsa, çynym bilen gülýärdim...

Şol gezegem sen bir zatlar diýmegi
Niýet edip diýeniňde „...Nememi?!“
Men sözüňi kesip, allajanlarym,
Näme gürläp ýetirmändim gezegi?!...

Ynjyly bakyşyň suratyn çekip,
Çarçuwa-da salyp goýupdyr weli.
Seniň gezek däl-de, ýürek soranyň
Wagt giç ýetirdi huşuma meniň...

Indem durun,
hyýalyňda ýer dyrmap,
Atygsap-atygsap urýan ýürekli.
Şo-ol gyşdaky seň diýmedik sözüňe,
Bu baharda düşünenim gerekmi?!...

Parhsyzlygyň hellewleşýän baglary,
Saýasyn salmajak salgym ekeni.
Meniň undulandyr öýden ýüregim,
Şasy unudylan şalyk ekeni...


Aýgül Garaýewa
23
100
ilhano_va
28 Sentýabr 2023
@Paradise, 🌷☺️
Paradise
28 Sentýabr 2023
@awgust, bolya
Paradise
28 Sentýabr 2023
@kowser, nesip bolsa allajan
ilhano_va
28 Sentýabr 2023
@Paradise, yok başga maksatlarym bar nesip bolsa belki başga yerde gatnaşsak aýdaryn İnsAllah:)
Paradise
28 Sentýabr 2023
@kowser, howa sag bol. Sen nadyan girdinmi okuwa
ilhano_va
28 Sentýabr 2023
@Paradise, gowy hudaýa şükr. Ha bolyala saglyk bolsa sagamanja ulansyn kiçijigem,🧿
Paradise
28 Sentýabr 2023
@kowser, salam gowy gowmy ozunem. Howa su gunler is bn cagalar bn basagayrak
ilhano_va
28 Sentýabr 2023
Salam Jennet gowmy ýagdaylarynyz? Görneňzokla?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.