Paradise
27.09.2023 21:11
Üýt­gäp­siň» diý­ýär­ler...
Ha­wa, üýt­ge­dim.
Öň Aý bo­lan bol­sam, Gün bol­dum in­di.
Dur­mu­şy­my dur­şy bi­len üýt­ge­dip,
Mä­hi­re çir­kiz­len gül bol­dum in­di.

Adam bir dur­kun­da dur­ýar­my, eý­sem?
Ýo­da­dym...
ki­çi­räk ýol bol­dum in­di.
Men ra­zy­dym, bol­sam ýe­ke­je eser,
Yz-yzy­na ki­tap — tom bol­dum in­di.

Duý­gu­la­rym şel­pe-şel­pe, tar­ma-tar,
Yşk ýe­li deg­di-de, saz bol­dum in­di...
— Bag­ty du­ýup bil­ýän kän­mi?
— Kän däl.
— Az­my?
— Az...
Köp­lü­giň için­de az bol­dum in­di.

Gun­ça­la­rym göz öňüm­de gül­le­ýär,
Şa­ha-şa­ha ýaý­ran bag bol­dum in­di.
Bir özüm­de iki sa­ny dün­ýe bar,
Dün­ýe­de­nem baý­nan baý bol­dum in­di.

Kim­ler ar­tyk gör­di, kim­se­ler kem­ter,
De­ňäp hem öw­re­nip, jaý bol­dum in­di.
Ýa­şal­ma­ly ömür öňüm­de en­tek,
Se­bäp öň göw­re­dim, jan bol­dum in­di...

Aýgül Garaýewa
28
93
dmoo
28 Sentýabr 2023
Gowy goşgy eken😍
mandarin
27 Sentýabr 2023
🙂👍
aikamm
27 Sentýabr 2023
Durmus uytgetya adamy adamlar uytgetya...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.