Bilşimiz ýaly 1991-nji ýylyñ güýz paslynda Garaşsyzlyk almak üçin Jarnama kabul edilýär, ertesi gün bolsa Garaşsyzlygymyz yglan edilýär. Şondan bäri hem 32 ýyl geçipdir.
Garaşsyzlygymyzy alan wagtymyz, ilkinji bolup Garaşsyzlyk baýramymyza bagyşlap, şol günüñ içinde (ýañy-ýakynda merhum bolan) Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew “GARAŞSYZ” diýen goşgusyny galama alýar. Birnäçe gezek ýazyjy, şahyrymyz bilen gurnalan edebiýat agşamy duşuşyklarynda hem berilen soraglardan biri şu mesele hakynda bolanynda, özüniñ hem tassyklamagy esasynda Garaşsyzlyk baýramymyz üçin ilkinji bolup gutlap, buşlap ýazandygyny gürrüñ beripdi.
Men hem pursatdan peýdalanyp türkmen halkymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlap, Hormatly Arkadagymyzyñ alyp barýan işlerinde üstünlikleriñ ýaran bolmagyny Biribardan diläp, merhum halypamyz Atamyrat Atabaýewiñ “Garaşsyz” goşgusyny okyjylara ýetirmegi makul bildim.
"GARAŞSYZ"
Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,
Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn.
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde
Türkmenistan—ata mekan Garaşsyz!
Eger kimde kimiň kinesi bolsa,
Kinesin unutsyn, urşan ýaraşsyn.
Beýik günde undulýandyr kineler,
Bu beýik gün—Türkmenistan Garaşsyz!
Dünýäň çar künjüne ýaýrapdyr türkmen,
Oňmaz olar dost dogansyz, gardaşsyz.
Agzybir bolanda baýnapdyr türkmen,
Baýna, türkmen, bu gün ýurduň Garaşsyz!
Dünýäň kartasyna türkmeniň ýurdy
Täze kürtäň keşdesi deý ýaraşsyn.
Daglaryň arslany, çölleriň gurdy —
Türkmen, bu gün gadym ýurduň Garaşsyz!
Türkmen aga, telpegiňi göge zyň,
Gyňaçlaram baýdak kimin parlaşsyn.
Aýdym aýdyň, at çapdyryň, saz çalyň,
Türkmenistan — ata ýurdum Garaşsyz!
Halk arzuwy hasyl bolar ahyry,
Men bu güne kän asyrlap garaşdym.
Men bu gün garaşsyz ýurduň şahyry,
Türkmenistan — söwer ýurdum Garaşsyz!
Awtor:
Atamyrat Atabaýew