elya
26.09.2023 20:38

DURMUŞ


Ýaşym 12...

Ne-hä boý ýeten gyzdym.

Ýok, çaga-da däldim bökjekläp ýören.

Çekinerdim ogşamaga kakamy,

Hem ejemiň gujagynda ýatmaga...

Geňsi tüýsler bardy kalbymda örän –

Bukardym zülpümi ýaglygym bilen

Belki, bu adatdyr oba gyzlarna?!

Bilmedim,

ozal täzeje köýnek geýäýsem,

Güjeñlärdim goňşularmyñ baryna.

Soňra nämüçindir galdy bu hüýüm,

Duşmasam kem däldi nazarlaryna.

Okardym gazetleñ böleklerinem

Dannamazdym temasyny kitaplañ:

Ýaşlañmy, körpeleň edebiýatymy...

Parhy näme?!

Okaýardym barybir

Saýlap-seçmek kimiň ýadyna düşýä?!

Hä, bir gezeg-ä mugallym görüp,

(Gizlemäge ýetişmändim men şonda.)

Diýdi:

– Heniz bu eseri okardan ýaşsyň!

Rast aýdan ekeni mähriban ynsan.

Edil häzir şol döwüre äňetseň,

Juda ýaş ekenim,

ah, juda ýaşdym...

Meger şoň täsiri ~ ulaldygymça

Bilmän ikisiniň tapawudyny

Durmuş – eser,

eser – durmuş arasynda azaşdym.

Hatda ömürboýy görmediklerim,

Roýuma ýylgyryp,

“Söýýän” diýse-de,

Hakykatda asla söýmediklerem,

Ýakyn – ýat,

tanyş – nätanyş,

dost – duşman,

Sanasaň sogap bar, etmersiň puşman.

Iň möhüm zat: olaň aýdan sözleri,

Gara,

goňur,

mawy,

ýaşyl gözleri,

Pişeleri,

ýagşy-ýaman pälleri,

Ýaşyryn hem aýan bolan allary,

Hatda gelejekde edip biläýjek

Etsem-petsemleri däl maňa pynhan.

Ýa bolmasa barypýatan geň-taňlyk...

Eýse bu zatlary bilmeklik üçin

Gerekmi welilik ýa bolmak palman?!

Emma eserlerde bolşy mysaly

Aýdyp bilmerin men durmuşyň soňun.

Bir gezek aýtmaga synanyşamda,

Düýpgöter özgerdip göçümlerini,

Salypdy başyma müň jüre oýun.

Tas ryswa edipdi...

ýöne barybir

Bes etmedim,

bes etmen gözleglerimi

Eý, durmuş, bir elim seniň ýakaňda

Darykma, deprenme boýun al, boýun!


Gurbanjemal Annakowa

58
114
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.