Lilia_
26.09.2023 18:22
SÖZÜŇ GÜÝJI (tymsal)
Oglanjyk pianino çalmaga şeýle bir höwesli eken, emma saz mugallymynyň aýdan tankydy sözleri onda ýaramaz täsir galdyrypdyr. Saz mugallymynyň pikirine görä, onuň barmaklarynyň  gysga we gödeňsiligi sebäpli, ondan pianinoçy çykmagy mümkin däl. Şol sebäpden hem mugallym onuň pianinony däl-de, klarneti saýlamagynyň has gowy boljakdygyny aýdypdyr. Oglanjyk pianino çalyp bilmejekdigini eşdip, öz ýanyndan gynansa-da, umytdan düşmän, klarnet çalmaga synanyşypdyr. Emma klarnet çalmagy öwredýän mugallym hem onuň dodaklarynyň klarnete uýgunlaşmaýanlygy üçin, bu saz guralyny çalmazlygy maslahat beripdir. Şunlukda, oglanjygyň höwesi gaçyp, saz äleminden umydyny üzmäge mejbur bolupdyr.

     Günlerde bir gün bu oglanjyk meşhur pianinoçy Anton Rubinşteýne gabat gelipdir. Ussat pianinoçy oglanjyga şol wagta çenli hiç kimiň aýtmadyk ylham beriji sözlerini aýdypdyr we onuň pianino çalmaga bolan söýgüsini güýçlendiripdir. Şonda ol oglanjyga: «Eý, ýaş ýigit, sende pianino çalmaga ukyp bar. Dogrusy, seniň oňat pianinoçy bolup ýetişjegiňe berk ynanýan, emma sen munuň üçin günüň dowamynda ýedi sagat türgenleşmeli bolarsyň» diýipdir.

     Şol güne çenli oglanjygyň ähli umydy kimdir birinden ylham beriji sözi eşitmek eken. Rubinşteýn bolsa, onuň garaşýan sözlerini aýdypdyr. Özünde täsir galdyran bu sözlere amal etmek üçin oglanjyk uly höwes, hyjuw bilen zähmet çekipdir we geljekde ussat pianinoçy bolup ýetişipdir. Ylham beren ýönekeýje sözler çagajykda bar bolan, emma umytsyzlykdan gurap galan mümkinçiliklerini açmaga ýardam edipdir, ondan daşgary ganat beren bu sözler oňa bütin ýyllaryň dowamynda «ylham nury» bolup, daş-töweregine öwüşgin çaýyp durupdyr. Biziň gürrüňini edýän gahrymanymyz Jon Podowskidir we ol öz döwrüniň talantly pianinoçysy bolupdyr. Onuň bu meşhurlygynyň syry hem şol ýönekeýje sözüň güýjüdür.

Ýekeje söz durmuşyňyzy düýpgöter üýtgedip bilýär. Söz uly güýçdür. Şonuň üçinem birek-birege diňe hoş sözleri aýdalyň!

 

Taýýarlan: Gurbanmyrat GURBANOW
51
55
gulshatayewa97
26 Sentýabr 2023
Söz bar kime şapbat, Söz bar kime bagt
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.