tyllayev_allanur
26.09.2023 14:32

Häzirki tehnologiýalaryň ösen döwründe adamlaryň durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulanýar we kämilleşýär. Muňa garamazdan ösen şäherlerde gündelik durmuşyň tizligine, täzeliklerine öwrenişmek aňsat däl. Şeýle şertlerde saglygyňy goramak, öz bedeniň barada alada etmek, içki dünýäňi mähirli duýgular, ýatlamalar bilen baýlaşdyrmak, göwnüňi açmak has-da möhümdir. Bu ýagdaýda her bir ynsana mahsus bolan gülmegiň peýdaly taraplary örän kändir.


Bilermenler gülmegiň we özüňi şähdi açyk duýmagyň ynsan saglygyna edýän peýdaly täsirlerini derman ulanmakdan hem netijelidigini belleýärler. Meselem, adam gülende bedeniň ähli agzalary diýen ýaly işjeň ýagdaýa eýe bolýar, howa we kislorod köp mukdarda özleşdirilýär, netijede beden agzalaryna ganyň barşy gowulanýar. Şeýle täsir beýnä, ýürege we öýkenlere oňaýly täsir edýär.


Gülen wagtymyz bedende endorfinleriň mukdary köpelýär, ol biziň özümizi gowy duýmagymyza peýdalydyr. Şonuň ýaly hem gülýän adamyň bedeninde stres gormonlary hasaplanýan adernaliniň we kortizolyň öndürilişi peselýär. Tebigy derman hasaplanýan gülkiniň adamyň immun ulgamyny berkidip, ruhuňy göteriji, göwnüňi açyjy, rahatlandyryjy häsiýetleri bar. Şeýle-de, onuň beden agyrylarynda hem peýdasynyň bardygy ylmy taýdan subut edilendir.


Häzirki wagtda geotologiýa diýlip atlandyrylýan gülkiniň bedene ýetirýän täsirini öwrenýän ýörite ylym hem bar. Şeýle-de, her ýylyň maý aýynyň ilkinji ýekşenbesinde dünýä ýüzünde halkara gülki güni giňden bellenilýär. Gülkiniň aýratyn gymmatyny görkezýän ýagdaýlaryň biri-de kino äleminde bolupdyr. Ýagny, “Hoganyň gahrymanlary” atly serial iki görnüşde, birisi gülki sesleri bilen, beýlekisi bolsa gülki sesleri ulanmazdan goýberilipdir. Elbetde, gülki sesleri bilen goýberilen nusga kino äleminde uly meşhurlyga eýe bolup, köp sanly baýraklara mynasyp bolupdyr.


Geçirilen barlaglar gülkiniň şu aýratynlyklaryny ýüze çykarypdyr. Ýagny, gülki pikirlenmek başarnygyny, döredijiligi ösdürýär, ünslüligi ýokarlandyrýar, köpçülik, jemgyýetçilik aragatnaşyklaryny, bedeniň umumy ýagdaýyny gowulandyrýar, dem alyş ýollaryny açýar we kislorodyň gelşini güýçlendirýär, akyl-huşyňy sazlaýar, şeýle-de bedendäki artykmaç kaloriýalary ýakýar.


Halkymyzda “gülmek ömürden” diýilýär, goý, her bir ojakda gülki sesleri ýaňlanyp dursun!

29
80
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.