elya
26.09.2023 14:31

Kalbymy gaplaýyp süýji hyýala

Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam

Müňde alkyş okap senli ykbala

Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam


Garaňky gijeleň aýy sen janym

Barlygym, baýlygym, şuglaly aýym

Seni maňa köp görmesin Hudaýym

Bagt ekeni saňa garaşmaklygam


Gülüp gez sen, kül ykbaly gül edip

Göwnüm joşýar saňa şygyr döredip

Indi sensiz ýaşama ýok hez edip

Bagt ekeni saňa garaşmaklygam


Ýylgyrşyň barlygy saz edip biljek

Barlygyň ömrümi ýaz edip biljek

Mydam gujak gersin kalbyň deý geljek

Bagt ekeni saňa garaşmaklygam.


Senli ömür sowulmajak döwrandyr

Senli ömür bakylyga dowamdyr

Seni maňa serpaý eden Allamdyr

Bagt eken bagtyňa garaşmaklygam


Bagtygül Tekäýewa

52
45
maral
26 Sentýabr 2023
🤍❣️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.