seljukly
26.09.2023 00:06

Olam

tümenleriň kiçisi Ýedi öýlenende. Ýüregi ýukarak gelinleň biri bir

gysym dadyrdy. Ýegensoltan şonam görüp ýetişdi: «Baý-baý, şu

açmaňyzdanam dynmadyk».

Agyr ykbal zalymlaryň eli bilen biçäre naçaryň egninden näçe bassa-da,

iki zada welin alaçsyzdy. Çorly gara günliniň güni «waý» bilen ötse-de,

saçlary bir gulaçdy. Tükeniksiz hysyrdylar onuň wagtyny näçe alsalaram

goşa örüm lowurdap durandyr. Ýegensoltanyň saçly meselede gara

ýüregi eddil aýasynda bökübererdi. Zalym heleýiň gözi saçdadyr. «Sary

çyrmaşygyny» ütüp otyrka, äwip-säwip Çorly giräýse, amanady üzülip

barýandyr. «Näme köw urup ýörsüň neme ýaly bolup...» diýer. Kim

bilýa nämä meňzedýänini. Gyzlarynyň sirkesini bolsa gargyna-gargyna

özi çöpleýärdi. Çorla ýetdirmeýän ýalnyz iş şol bolsa-da bolaýar.

Atabaý tümeniň ortanjy ogly saz çalýardy. Çorly hemme saza ünsem

berip durmazdy. Ýene «Daraýy donly» weli duşaklap ataraýardy. Şony

diňlejek bolup moýly küýzäni döwüp, taýak iýibem gördi. Çorly diňe şol

gezek urlany üçin gije aglamandy. Ortanjy tümen şonda «be-e» diýipdir.

Çorly bu gün has ir turdy. Saçlaryny darady. Başyndan geçenleri birin-

birin ýatlady. Öz ýanyndan diňe özüne mälim bolan çyn adyny gaýtalap

gördi. «Näzikjemal, Näzikjemal, Näzik...»

Boş kündük gapa degip, tas zähresini ýarypdy. «Heý, köküň kesilsin!

Wenez...» Çorly guşluga çenli çar ýana ýeldi.

Ýegensoltan bu gün atasy öýüne toýa gitmäge şaýlanyp-seplenýärdi. Ol

özüniň gyzlary bilen üç ýaşly körpe ogluna şahy kurte geýdirip,

sagrysyna, eginlerine bazbent dakyp otyrdy. Başbilmez taý sakaklan

ýaly edip, ony höre-köşe bilen saklajak bolýardylar.

Atabaý tümen ter halynyň üstünde keserip, çaý içip otyrdy. Ol gürrüňe

goşulman sus oturyşyna özüniň körpe ogluna syn edýär. Enesi bolsa

aýagaldygyna wagyrdap, agtygyny öwýär. Öýüň töwereginde Çorlynyň

tykyrdysyny eşidip, hasam möwç aldy.

-Körpämdir bi, erkämdir bi. Beg oguldyr. Ýedi puşdy zer eýerli bedew

münen begzada neslidir bi.

«Onda näme Ýammat ýeser: «Beýleki tümenlerden-ä erinlegräk,

seňrikmenräk» diýýämişin. Ýeňsäňden gülnenden maňlaýyňdan atylany

ibalyrak». Atabaý tümen şu ganym pikiri kellesinden çykaryp bilmedi.

Eneş tümençäniň ýüregi barha eräp barýar.

-Atasy Sapar tümendir, babasy Serheň begdir munuň. Atasy-babasy sap

guzudyr bi...Ýegensoltan gaýyn enesiniň suwjuk sözleriniň täsirini öz äriniň ýüzünde

görmedi. Äri seredende bolsa näzі ýasama boldy. Tac ýakasyny tutup,

içine tüýküripdi. Tümençe bolsa şol wagyrdap otyr:

-Hany munuň gamçysy, hany begimiň naýzasy? At getiriň ogluma,

ýarag beriň guzyma. Asylzadadyr bi, begzadadyr bi...

Şu ýerde weli garry tümençe sesini kesmeli boldy. Asyl öýüň içi dym-

dyrslyk bolaýdy. Olary aňk eden zat ak öýüň daşyndan eşdilýän

haýykdyryjy gülkidi.

Garry gargany diňläp oturan Çorly birden gülüp başlady. Onuň ýadyna

dört ýyl mundan öň Atabaý tümen ýokka, ýüzüni garaňka alyp,

Hanalynyň geleni düşdi. Ol indi ýigrenjini, gazabyny saklajak bolup

durman guldi. «Goý» diýseler beter guldi.

-Ha-ha, nämezadalyg-a belli-le... Ha-ha, belli-le, belli-le, ha-ha...

Atabaý tümen ojakda duran kündügi garbap daşary okduryldy. Soňuny

saýmanam ýere ýazylyp gülüp oturan naçaryň depesinden inderdi. Çory

amanadyny Alla onuň bikesine ynanarmyş, ýöne Çorlynyň bir jümlesi

kalbynyň kitüwli ýerine ýelmeşäýdi. Ol gazap bilen öýe girdi. Aýaly

bolsa eýýäm günäsini ýaşyryp bilmän, ölümini boýnuna alyp, haly torba

ýüzüni beripdi. Tärimden asylan egri gylyç syrylanda kempir

amanadyny tabşyrdy.

Çorlynyň jesedini şol gün guma duladylar. Ýöne onuň gülküsiniň muzdy

tümenlere-de arzan duşmedi. Başga-da iki adam ýel atyny münüp,

ýelbegeý donuny geýdi.

Ölübem ýeňip boljak ekeni.

Awtor;Gowsutgeldi Danatarow


like goymagy unutman mahriban agzalar

17
119
liwerpul
26 Sentýabr 2023
Sonuna dusunmedim
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.